Ça­ga­lar hem edil ulu­lar ýa­ly­dyr. Dün­ýä­dä­ki äh­li ça­ga­lar bi­ri-bi­ri­ne meň­ze­me­ýär. Ola­ryň her bi­ri­niň önüp-ösü­şi ta­pa­wut­ly bol­ýar. Kä­bi­ri has do­gum­ly bo­lup, ir diş çy­kar­ýar, ir ýö­re­ýär. Ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­da olar­da dür­li öz­ge­riş­lik­ler bo­lup geç­ýär. Eger-de üns ber­se­ňiz, her bir ça­ga be­den we ru­hy taý­dan bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­ly­dyr.
Ça­ga äh­li hä­si­ýe­ti bi­len sö­ýül­me­li­dir. Özü­miz­dä­ki hä­si­ýet­le­ri olar­dan göz­läp, ony öw­ret­mek üçin hem ola­ry çyk­gyn­syz ýag­daý­da goý­ma­ly däl­diris. Ça­ga çe­kin­jeň, kä­ha­lat­da bol­sa, he­re­ket­le­ri ter­sräk hem bo­lup bi­ler. Ony bol­şy ýa­ly ka­bul et­mek, onuň özü­ne bo­lan yna­my­ny güýç­len­dir­ýär, özü­ni ar­ka­ýyn alyp bar­ýar. Şeý­le­lik bi­len, onuň ba­şar­jaň­ly­gy eme­le ge­len dür­li ýag­daý­lar­dan baş alyp çyk­mak­da ýe­ňil­lik dö­red­ýär. He­re­ket­le­ri bol­şy ýa­ly ka­bul edil­me­dik ça­ga­nyň bol­sa, özü­ne bolan yna­my pe­se­lip baş­la­ýar. Bu ýag­daý onuň öz ukyp­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­gy­na päs­gel­çi­lik dö­re­dip, dür­li ýag­daý­lar­dan baş alyp çyk­ma­gyn­da kyn­çy­lyk­la­ry ýü­ze çy­ka­ryp bi­ler. Bu bol­sa, onuň ru­hy dün­ýä­sin­de ala­sar­myk ýag­daý­la­ryň dö­re­me­gi­ne alyp ba­rar. Şeý­le ýag­daý­la­ryň ýüze çykmazlygy üçin ça­ga­la­ry­myz öz­le­ri­niň äh­li hä­si­ýet­le­ri bi­len söý­lüp, bol­şy ýa­ly ka­bul edil­me­li­dir. Ola­ryň ça­ga­lyk­dan saý­la­nyp, ýet­gin­jek­li­ge ge­çiş döw­rün­de ene-ata­la­ryň bel­li bir de­re­je­de sa­byr­ly bol­ma­gy ha­s-da ze­rur­dyr.