(He­ka­ýa)
Mun­dan bir ýa­rym asyr öň, Sum­bar der­ýasynyň ýa­ka­syn­da, So­ňu­da­gyň ar­ka­syn­da Aý­je­mal di­ýen kü­ren oba bo­lup­dyr. Oba­ny iki bö­lüp geç­ýän Aý­je­mal çeş­mesiniň suw aka­ba­sy oba­nyň gö­zel­li­gi­ni has-da go­şa­lan­dy­ryp­dyr. Kü­ren oba­nyň de­mir­ga­zyk tarapynda ýa­ka­la­ry­ny deň­läp otu­ran öý­le­riň gün­ba­tar çe­tin­dä­ki ak ga­myş­ly, sün­nä­le­nip do­ka­lan bilýüp­li, tä­ze eşik­li, çit­me tarp­ýa­par­ly al­ty ga­nat ak öý beý­le­kile­re gö­rä, has gö­ze il­ginç­di. Bu öýüň ga­py­syn­da­ky na­gyş sal­nan uly ke­çe­li ga­ra­gyr at agyz­dy­ry­gy­ny ýu­waş­ja­dan çeý­näp, ýeň­se­si­ni haýbatly tüň­ňer­dip, ga­zy­gy­nyň da­şyn­dan ýan­ta­na­py­na ag­ram sal­man, uly gyz ýa­ly sal­la­nyp aý­la­nyp dur­dy.
Şa­my­rat aga öý­le na­ma­zy­ny okap bo­lup, çit­me na­maz­ly­gy düýr­le­di-de, tör­de tä­ri­me ýap­lap, ar­dyn­jy­rap daş çyk­dy. Eýe­si­niň öý­den çy­ka­ny­ny gö­ren ga­ra­gyr hojaýynyna al­ma göz­le­ri­ni di­kip, ga­myş gu­lak­la­ry­ny ke­ýer­jek­le­dip, sag aýa­gy bi­len ýer pe­şäp, bu­run­la­ry­ny ýel­len­di­rip hok­ran­dy. Ýa­şu­ly atyň at­la­nar ta­ra­py­na ge­çip, uly ke­çä­ni gal­dy­ryp, onuň boý­nu­ny gy­sym­lap gör­di, sag­ry­sy­ny sy­pap, ka­kyp goý­ber­di. Soň atyň jy­la­wy­ny eýer­den çö­züp, ony kyb­la öwür­di-de, ar­dyn­jy­rap:
– Gy­zym, Şa­pe­ri, ha­ny, aty­ňa bir gap suw alyp gel! – di­ýip, öý­dä­ki­ler eşi­der ýa­ly ses­len­di. Şol wagt öý­den:
– Hä­zir bar­ýan, däde! – di­ýen ça­ga se­si eşi­dil­di. Yz ýa­nyn­dan ýü­zi-gö­zi nu­ra­na­ja on­ iki ýaş­la­ryn­da­ky ga­ra­gö­ze­le­jik gyz­ja­gaz içi suw­ly ga­by ge­ti­rip, atyň öňün­de goý­dy. At des­si­ne ag­zy­ny su­wa ur­sa-da, on­çak­ly iç­me­di. Şa­my­rat aga aty agyz­dy­ryk­la­dy-da, ga­lan suw bi­len atyň ýü­zü­ni-gö­zü­ni ýuw­dy. Jy­la­wy Şa­pe­rä be­rip, atyň guý­ru­gy­ny ýu­wup, mä­käm iş­di-de:
– Gy­zym, aty­ňy şol ýa­sy bur­na çen­li se­teň­le­dip sür, on­dan aň­ryk ge­çen ýyl ýaz­lan ýe­ri­mi­ziň de­ňi­ne çen­li gor­du­ryp, yzy­ňa öw­rü­leň­de ýu­waş­lyk bi­len öňü­ne at­dy­ryp, ma­ňa se­re­dip gaý­dar­syň. Ha­çan-da men tel­pe­gi­mi gal­dy­ram­da, aty­ňy ça­pa­raň­rak goý­be­rer­siň, atyň jy­la­wy­ny hiç wagt doly goýbermegin, atyň aýak al­şy üýt­gär, boý­nu­na ýap­la­nyp, çüw diý­seň bo­lar – di­ýip, Şa­my­rat aga gy­zyna tab­şyr­dy. Şa­pe­ri üns be­rip diň­le­di-de:
– Bol­ýar, däde – di­ýip, aty­ny kyb­la ta­rap se­teň­le­dip git­di.
Şa­my­rat aga mal-ga­ra­ly, So­ňu­dag hem-de Gy­zyl­ba­ýyr se­bit­le­rin­de hor­mat go­ýul­ýan ab­raý­ly adam­la­ryň bi­ri­di. Ol öz ýaý­la­sy­nyň ket­hu­da­sy­dy. Toý-to­ma­şa tut­jak­lar oňa sala salardylar. Ol at bi­len og­lan­lyk­dan meş­gullanypdy, ça­pyk­su­war­lyk, se­ýis­çi­lik edip­di. Gö­zü­ni açyp gö­re­ni at­dy. Şo­nuň üçi­nem oňa “Se­ýis aga” hem di­ýip, ýüz­le­ner­di­ler. Şa­my­rat aga­nyň bir og­ly, bir gy­zy bar­dy. Og­lu­na Şa­za­da, gy­zy­na Şa­pe­ri di­ýer­di­ler. Ol og­ly Şa­za­da­ny bir ýyl mun­dan öň, Hy­wa alyp gi­dip, oka­mak üçin mol­la tab­şy­ryp gaý­dyp­dy. In­di Gar­la­wa­ja se­ret­mek Şa­pe­rä ga­lyp­dy. Şa­pe­ri Gar­la­wa­ja ot dö­küp, iým be­rip, So­ňu­da­gyň göw­sün­den düw­me-düw­me bo­lup ço­gup çyk­ýan Aý­je­mal çeş­mä­niň dur­nanyň gö­zi dek du­ry, bal ýa­ly su­wun­dan her gün guş­luk wag­ty su­wa ýa­kyp gel­ýär­di.
Ber­di baý ýaz­lag­dan ýaý­la gö­çüp bar­lan­da, og­lu­ny öýe­rip, uly toý tut­ja­gy ba­ra­da jar çek­dir­di. Şol se­bäp­li Şa­my­rat aga öz aty Gar­la­wa­jy hä­zir­den se­ýis­läp baş­lap­dy.
Ýaz­lag­da­ky öý­ler ýaý­la gö­çüp gel­di­ler. To­ýuň sä­he­di go­laý­la­ýar­dy.
Şa­pe­ri bir gün Gar­la­wa­jy su­wa ýa­kyp, öýe ag­lap gel­di. Onuň eje­si Şa­sol­tan eje:
– Pe­rim, sa­ňa nä­me bol­dy – di­ýip, ony garsa gu­jak­la­dy.
– Eje, şu ge­zek Gar­la­wa­jy toý­da özüm çap­jak. Her gün aty­my çeş­me­den su­wa ýak­ma­ga ba­ra­nym­da, me­niň deň-duş og­lan-gyz­la­rym “Şa­pe­riň Gar­la­wa­jy gal­dy” diý­şip, ma­ňa gy­ja­lat ber­ýär­ler – diý­di.
Dog­ru­da­nam, ge­çen ça­py­şyk­da, Şa­za­da bol­man­soň, Şa­my­rat aga Gar­la­wa­jy baş­ga ça­pyk­su­wa­ra çap­dy­ryp­dy. Şol se­bäp­li hem aty ikin­ji bo­lup pel­le­ha­na­dan ge­çip­di. Şa­my­rat aga bu ýag­da­ýa ça­pyk­su­wa­ryň se­bäp bo­lan­dy­gy­ny aň­sa-da, se­si­ni çy­kar­man­dy.
Şa­my­rat aga al ýor­ga­sy­na at­la­nyp, gök ça­ýyr­dan ýük­le­nen iş ala­şa­sy­ny goş­lap, at ýa­ta­ga gel­di. Ony he­mi­şe Şa­pe­ri gar­şy alýar­dy. Bu ge­zek onuň gy­zy daş çyk­ma­dy. “Al­la­ja­nym, nä­me bol­du­ka?!” di­ýip, oýa ba­typ dur­ka, Şa­sol­tan eje ge­lip, oňa ýü­ki dü­şür­mä­ge kö­mek­leş­di. Şa­sol­tan eje adam­sy­na, Şa­pe­riniň nä­me üçin daş çyk­man­ly­gy­nyň se­bä­bi­ni düşündirdi. Şa­my­rat aga, gy­zy­nyň is­le­gi bi­len yla­laş­dy.
– Ony aý­law­da bar­lap gö­re­ris, Gar­la­wa­ja erk edip bil­se, toý­da ça­par – di­ýdi.
Her kim öz aty­ny gez­dir­mek, de­ri­ni al­mak üçin oba­nyň ýeň­se­sin­dä­ki, eliň aýa­sy ýa­ly te­kiz aý­la­wa ýyg­nan­ýar­dy. Şa­my­rat aga gy­zy Şa­pe­rä, og­ly Şa­za­da­nyň at ça­pan­da ge­ýin­ýän egin-eşi­gi­ni ge­ýin­di­rip, aýa­gy­na çek­me ga­ra ädik, bi­li­ne tir­me gu­şak, kel­le­si­ne ak­ja ýag­lyk daň­dy-da, Gar­la­wa­ja at­lan­dy­ryp, agym ýe­re aty­ny idip gel­di. Ol özüniňkiden baş­ga bäş aty se­ýis­le­ýär­di. Al­ty at ýa­ka­la­ry­ny deň­läp, agyz­dy­ryk­la­ry­ny çeý­ne­şip dur­dy. Se­ýis aga ça­pyk­su­war­la­ra ýüz­le­nip:
– Bir aý­law se­teň­le­dip, iki aý­law gor­du­ryp, üç aý­law öňü­ne at­dy­ryp, iki aý­law ça­pa­raň­rak, soň­ky aý­law­da gö­ni ýo­la dü­şe­ni­ňiz­de, tel­pe­gi­mi bu­lam­da, aty­ňy­zyň jy­la­wy­ny do­ly goý­be­riň – di­ýip, ola­ra berk tab­şy­ryk ber­di. Ça­pyk­su­war­lar, Se­ýis aga­nyň aý­dy­şy ýa­ly, soň­ky aý­law­da, gö­ni ýo­la dü­şen­le­rin­de at­la­ry­nyň jy­la­wy­ny do­ly goý­ber­di­ler. Şa­pe­ri­niň Gar­la­wa­jy guş dek ýer­läp uçup, pel­le­ha­na­dan bi­rin­ji bo­lup geç­di.
Ol aty­ny öý­le­ri­ne sow­dy. Öý­de taý­ýar­la­ny­lyp go­ý­lan uly ke­çe­le­riň ýa­nyn­da at­dan düş­di-de, atyň agyz­dy­ry­gy­ny aý­ryp, çe­ki­le­ri­ni çö­züp, iç­ki eçer­gi­si­ni çe­kip aýy­ran­dan, onuň ka­ka­sy ge­lip:
– Be­re­kel­la gy­zym, aty­ňy toý­da özüň ça­par­syň – di­ýip, uly ke­çe­ler bi­len aty­ny ýel kak­maz ýa­ly edip ba­syr­dy. Atyň de­ri da­myp baş­la­dy. Se­ýis aga onuň de­rin­den bar­ma­gy bi­len alyp, ag­zy­na deg­rip:
– Hä­zi­r-ä şor kak­ýar ýe­ne-de iki agym ge­çir­me­li bo­la­rys – diý­di. To­ýuň sä­het­li gü­ni ge­lip ýet­di. Ge­l­na­ly­jy gel­di, sa­da­ka be­ril­di. Gö­reş­den soň, to­ýa ge­len­ler at ça­py­şy­gy­nyň geç­jek ýe­ri­ne ýyg­na­nyş­dy­lar. Jar­çy:
– On aý­la­wa, ula goý­be­ril­jek at­lar taý­ýar­lan­syn-how! – di­ýip, gy­gy­ryp ugra­dy. Şa­my­rat aga Gar­la­wa­jyň çe­ki­le­ri­ni, gö­wüs­ben­di­ni bar­lap, Şa­pe­ri­niň kel­le­si­ne ak­ja ýag­ly­gy yk­jam daň­dy-da, aty kyb­la öw­rüp, gy­zy­ny at­lan­dy­ryp:
– Yla­hy omyn, bar, gy­zym, sag-aman gi­dip gel, how­luk­ma, aty gys­sa­ma­gyn, özüm soň­ky aý­law­da tel­pe­gi­mi bu­la­ryn – di­ýip, tab­şyr­dy. Şol wagt Şa­sol­tan eje kü­müş sap­ly gam­çy­ny gy­zy­na uzat­dy. Se­ýis aga:
– Gy­zym, gam­çy­ny ädi­giň gon­ju­na gys­dyr. Soň­ky aý­law­da çy­ka­rar­syň – diý­di.
Toý­ha­na­da ula git­jek dört at eý­ýäm jy­law çeý­ne­şip dur­dy. Bu­la­ryň iki­si Bal­kan da­gy­nyň gaý­ra­syn­dan ge­len at­lar­dy, üçün­ji­si bol­sa, ýo­ka­ry Sum­bar­dan ge­len­di. At­la­ryň dör­dün­ji­si Gür­gen­den ge­len aýaklary se­kil­li, al­sa­kar, ig­diş at­dy. Se­ýis aga ine, şu at­dan çe­kin­ýär­di. Şo­ňa görä, Şa­pe­riniň gu­la­gy­na ýu­waş­lyk bi­len:
– Pe­rim, şol al­sa­kar atyň gol­tu­gyn­dan aý­ryl­ma, goý­ber­se goý­ber, çek­se çek, beý­le­ki at­la­ra üns ber­me – diý­di.
Şeý­le­lik­de, men di­ýen bäş be­dew­ on aý­la­wa git­di. Gür­gen­li­niň al­sa­ka­ry tu­ruw­baş­dan ga­çyp ug­ra­dy. Şa­pe­ri hem ka­ka­sy­nyň sargaýşy ýa­ly, Gar­la­wa­jy onuň gol­tu­gyn­dan aýyr­ma­dy. Be­ýle­ki üç at hem tir­keşip, bu­la­ryň yz ýa­nyn­dan gel­ýär­di­ler. Şeý­le ýag­daý­da be­dew­ler al­ty aý­law aý­lan­dy­lar. Al­sa­ka­ryň ça­pyk­su­wa­ry jy­la­wy öz er­ki­ne goý­ber­di. Şa­pe­ri hem on­dan kem gal­ma­dy. Soň­ky aý­law­da Se­ýis aga tel­pe­gi­ni bu­lap, “Goý­ber” di­ýip, gy­gyr­dy. Şa­pe­ri ädi­gi­niň gon­jun­dan gam­çy­ny alyp, ho­wa­da gal­ga­dyp:
– Çüw Gar­la­wa­jym! – di­ýip, bedewiniň jy­la­wy­ny do­ly goý­ber­di. Gar­la­waç ok de­ýin aty­lyp, Gür­gen­li­niň ak­sa­ka­ry­ny du­ran ýe­rin­de taş­lap, pel­le­ha­na­dan ýer­läp uçup geç­di.
Se­ýis aga er­te­si sa­da­ka ber­di. Sa­da­ka ge­len goň­şy-go­lam­la­ry:
– Ha­ny, Şa­za­da?! – di­ýdiler. Se­ýis aga:
– Aty ça­pan Şa­za­da däl. Gy­zym Şa­pe­ri – diý­di. Şon­dan soň onuň ady “Ça­pyk­su­war gyz” bo­lup gal­yberdi.
Ça­pyk­su­war gyz öz Gar­la­wa­jyny on aý­la­wda bir­nä­çe ge­zek ça­pyp, Et­rek se­bit­le­rin­de aý­law­la­ry bag­la­dy. Gar­la­wa­jyň ýyn­dam­ly­gy­nyň, Ça­pyk­su­war gy­zyň ez­ber­lik bi­len ata erk edi­şi­niň da­ba­ra­sy dag aş­dy. Ça­pyk­su­war gyz edep­li-ek­ram­ly, my­la­ýym hem mä­hir­li gyz bo­lup ýe­tiş­di.
Se­ýis aga bir toý­da Gar­la­wa­jy on i­ki aý­la­wa goý­ber­di. Beý­le­ki at­lar onuň aýa­gy­na eýe­rip bil­me­di­ler. Gar­la­waç özü­niň ha­ky­ky ýyn­dam­ly­gy­ny bu ge­zek hem hal­kyň öňün­de su­but et­di. Şu çap­gy­dan az wagt ge­çen­den soň, Se­ýis aga nä­sag­lyk ta­py­nyp ara­dan çyk­dy. Ça­pyk­su­war gy­za bu ýag­daý örän agyr deg­di. Üs­tü­ne ga­ra dag ýy­ky­lan ýa­ly bol­dy. Ka­ka­sy­nyň ýy­ly geç­ýän­çä, Gar­la­wa­jy ýa­tak­dan çy­kar­ma­n bak­dy.
Gün­ler­de bir gün et­rek­li Oraz baý uly toý tut­ýan­dy­gy­ny, on i­ki aý­la­wa at çap­dy­ryp, kö­şek­li dü­ýe baý­rak goý­ýan­dy­gy­ny aýan edip, jar çek­dir­di. Şon­da Se­ýis aga­nyň owalky bäs­deş­le­ri: “In­di Gar­la­waç ozalkylary ýa­ly çap­ma­sa ge­rek” di­ýip gürrüň etdiler. Bu gür­rüň dil­den-di­le ge­çip, Ça­pyk­su­war gy­za ýet­di. Ol “Ne­sip bol­sa, di­ňe oz­ma­ly” di­ýip, uly joş­gun, hy­juw bi­len ka­ka­sy­nyň se­ýis­leý­şi ýa­ly aty­ny, ja­ny-te­ni bi­len se­ýis­läp baş­la­dy. Şa­sol­tan eje hem Gar­la­waç üçin ýag­ly gat­la­ma bi­şi­rip, ar­pa­ny sow­rup, aras­sa­lap, ýu­wup, se­rip goý­dy. Gar­la­wa­ja iým be­ren­de, onuň tor­ba­sy­na her ge­zek iki ýu­murt­ga çak­dy. Bedew gün­be-gün­den ta­by­na ge­lip, uzak­la­ra se­re­dip, kü­ren oba­ny ýaň­lan­dy­ryp, ças­ly kiş­ňe­ýär­di. Ça­pyk­su­war gyz göz­den-dil­den çe­ki­nip, o­ny halk­dan giz­lin se­ýis­le­ýär­di. De­ri­ni al­mak üçin agym ge­çi­ren­de, So­ňu­da­gyň giň de­re­si­niň bi­ri­ne gi­dýär­di. Köp­lenç ag­şam­la­ry­na gez­di­rýär­di. Şeý­dip, aty­ny kyrk gün se­ýis­le­di. Ga­ra­şy­lan gün ýe­tip gel­di. Et­re­giň eliň aýa­sy ýa­ly aý­law meý­da­ny­nda toý mä­hel­le­si hyň berýärdi. Ça­pyk­su­war gyz og­lan ly­ba­sy­na gi­rip, nog­ta ýa­ly ga­ra saç­la­ry­ny de­pe­si­ne dü­wüp, ak­ja ýag­lyk bi­len yk­jam daň­dy-da, “Ýa yla­hy omyn!” di­ýip, aty­na at­la­nyp or­ta çyk­dy.
Gar­la­waç öň­kü­le­ri ýa­ly mä­re­kä gö­te­ri­lip, seý­kin ba­syp, ga­myş gu­lak­la­ry­ny ke­ýer­jek­le­dip, aýak­la­ry bi­len ýer pe­şäp, gö­ýä uç­jak guş ýa­ly çar­pa­ýa ga­lyp, gapdalyndakylara haý­bat atyp, ças­ly kiş­ňe­ýär­di. Ça­pyk­su­war gy­zyň hem keý­pi gö­te­ri­lip: “Be­re­kel­la be­de­wim” di­ýip, onuň ýa­ly­ny sy­pa­ýar­dy. Bu ýag­da­ýa to­ma­şa edýän halaýyk:
– Tü­we­le­me, Gar­la­wa­jy­ňa seý­si ýe­tip­dir – diýiş­ýärdi­ler. Şeý­le­lik­de, on ­bir sany saý­la­ma at­lar, on­ iki aý­la­wa ýo­la düş­dü­ler. Ça­pyk­su­war gyz ka­ka­sy­nyň pen­di­ne eýe­rip, aty­ny gys­sa­ma­n, how­luk­ma­n, haý­sy at öňe saý­lan­sa, şo­nuň yzyny sypdyrmady. On­ iki sa­ny çöp­ja­ga­zy bil­gu­şa­gy­na bek­läp­di, her aý­law­da bi­ri­ni ýe­re taş­la­ýar­dy. Bir çöp ga­lan­da, ädi­gi­niň gon­jun­dan kü­müş sap­ly, ha­şam­la­nyp ýa­sa­lan, ga­ýyş se­çek­li gam­çy­sy­ny alyp, ho­wa­da gal­ga­dyp:
– Uç Gar­la­wa­jym, uç! – di­ýip, aty­nyň ýü­pek ýa­ly­ny sy­pa­lady. Gar­la­waç äh­li bäsdeşlerini yz­da go­ýup, aý dek ýal­pyl­dap, pel­le­ha­na­dan bi­rin­ji bo­lup geç­di.
Ça­pyk­su­war gyz kö­şek­li dü­ýä­ni öňü­ne sa­lyp, öz Gar­la­wa­jy bi­len dog­duk oba­sy­na go­laý­lan­da, So­ňu­da­gy­ny gö­rüp, özü­niň “So­ňu­da­gym” di­ýen goş­gu­sy­na hiň­len­di:

Be­ýik-be­ýik ge­riş­le­riň,
Dür­li-dü­men iý­miş­le­riň,
Saý­ra­şar to­ty-guş­la­ryň,
Çyn sö­ýen­jim, So­ňu­da­gym!

Aý­je­mal­dyr şi­rin çeş­mäň,
Mäh­ri­ni gan­dy­rar teş­näň,
Je­ren­le­riň näz-ke­reş­mäň,
Göz-gu­wan­jym, So­ňu­da­gym!

Jül­ge­le­riň bak­ja-ba­gy,
Se­ýil et­sem, açar gu­ja­gy,
Şi­rin owaz­lar oja­gy,
Baý­lyk-gen­jim, So­ňu­da­gym!

Ga­ýa­lar­ňa goý­sam ba­şym,
Alaw­la­ýar yl­ham gu­şum,
Meň syr­da­şym, ýü­rek jo­şum,
Öz buý­san­jym, So­ňu­da­gym!

Ça­pyk­su­war gyz kü­ren oba­nyň bir çe­tin­den gi­ren­de, bü­tin Aý­je­mal oba­sy­nyň ça­ga­la­ry:
– Ça­pyk­su­war gyz gel­ýär – diý­şip, onuň öňün­den çy­kyp, gar­şy al­dy­lar.
Bir toý­da Ça­pyk­su­war gyz öz atyn­dan baş­ga dört sany aty se­ýis­läp, aý­la­wa goý­be­ren­de, üçü­si baş baý­ra­gy al­ýar. Şon­dan soň, “Ça­pyk­su­war gyz atyň di­li­ni bil­ýär­miş, ony gör­dü­gi ta­na­ýar­myş” di­ýen gür­rüň hemme ýere ýaý­ra­ýar.
Ot­lar so­lu­şyp, ýa­z möw­sü­mi pa­ýaw­lap bar­ýar­dy. Şol gün­le­riň bi­rin­de Aý­je­mal oba­sy­nyň ket­hu­da­sy Baý­ram aga ge­lip, Ça­pyk­su­war gy­za “Gür­ge­niň ket­hu­da­sy­nyň toý tut­ýan­dy­gy­ny, at çap­dy­ryp, on­ iki aý­la­wa bir kö­şek­li dü­ýe bilen el­li go­ýun goý­ýan­dy­gy­ny” habar berdi. Bu ha­ba­ry Ça­pyk­su­war gyz aga­sy Şa­za­da bi­len mas­la­hat­laş­dy. Şeý­le­lik­de, iki do­gan Gar­la­wa­jy se­ýis­läp baş­la­dy­lar.
To­ýuň baş­lan­ma­gy­na ýig­ri­mi gün ga­lan­da, je­mi on at­ly bo­lup, Gür­ge­ne tarap ýo­la düş­dü­ler. Gü­nor­ta bo­lan ça­gy, Et­rek der­ýa­sy bi­len Sum­bar der­ýa­sy­nyň bir­leş­ýän ýeri – Çatda goş ýaz­dyr­dy­lar. Ýol­boýy at­la­ry­ny se­ýis­läp, be­je­rip birnäçe gün­de Gür­ge­ne bar­dy­lar. Türk­men ça­pyk­su­war­la­ry­ny mä­hirli gar­şy­la­dy­lar.
Ga­ra­şy­lan gün ge­lip ýet­di. Sä­her bi­len on­ iki aý­la­wa çap­jak, otuz at taý­ýar­lan­dy. Ça­pyk­su­war gyz hem be­de­wi­ne at­la­nyp or­ta çyk­dy. Ça­pyk­su­war­lar bedewleriniň jy­la­wy­ny turuwbaşdan do­ly goý­ber­di­ler. Em­ma Ça­pyk­su­war gyz aty­ny gys­sa­ma­dy, how­luk­ma­n or­ta gürp­den sü­rü­ber­di. Bedewler dep­ginini gowşatman se­kiz aý­lawy yza serpikdirdiler. Ça­pyk­su­war gyz öz aty­na do­ly der inen­di­gi­ni duýup, onuň jy­la­wy­ny ýu­waş-ýu­waş­dan gow­şa­dyp ugra­dy. Gar­la­waç jy­law ba­syp öňe ok­du­ry­lyp, iň öň­dä­ki atyň gol­tu­gy­na gi­rip aý­la­ny­ber­di. Bir­nä­çe at­lar bu­la­ryň aýa­gy­na eýe­rip bil­män, sow­lup gal­dy­lar. On aý­law aý­la­nan­la­ryn­da otuz at­dan je­mi bäş at öňe saý­lan­dy. Ça­pyk­su­war gyz öz aty­ny, ýer­li dor atyň gol­tu­gyn­dan aýyr­ma­dy. Şeý­le ýag­daý­da at­lar on ­bir aý­law aý­lan­dy­lar. Ýer­li dor atyň ça­pyk­su­wa­ry jy­la­wy do­ly öz er­ki­ne goý­be­rip, gam­çy­lap baş­la­dy. Soň­ky öw­rü­me ge­lip, gö­ni ýo­la dü­şen­le­rin­de, bir ge­zek ýer­li dor at oz­ýar, beý­le­ki ge­zek Gar­la­waç oz­ýar. Ahy­ryn­da pel­le­ha­na­dan Ça­pyk­su­war gy­zyň Gar­la­wa­jy il­ki geç­ýär. Bu ýag­da­ýa to­ma­şa edip otu­ran Gür­ge­niň ket­hu­da­sy Ça­pyk­su­war gyz­yň, aty bi­len öz ýa­ny­na gel­me­gi­ni so­ra­ýar. Ol gy­zyň us­sat­lyk bi­len ata erk edi­şi­ne uly ba­ha be­rip, oňa esa­sy baý­rak­dan baş­ga, ýene-de ser­pa­ý ýap­ýar.
Gy­zyl­ba­ýyr we Aý­je­mal oba­sy­nyň ýe­di ýaş­dan, ýet­miş ýaş­ly­sy, ola­ry So­ňu­da­gyň Naý­ba­daý gä­di­gin­de sa­da­ka be­rip, toý dessuryna eýerip, gar­şy alýar­lar.
Halk ara­syn­da­ky ro­wa­ýa­ta gö­rä, “Ça­pyk­su­war gyz öz Gar­la­wa­jy­nyň nes­lin­den bo­lan at­la­ry hem se­ýis­läp, toý­lar­da uly baý­rak­la­ry alyp­dyr” di­ýen gür­rüň­ler dil­den-di­le ge­çip, bi­ziň za­ma­na­my­za ge­lip ýe­tip­dir.

Bo­zog­lan Goş­ly­ýew,
Et­rek et­ra­byn­da­ky 7-nji or­ta
mek­de­biň mu­gal­ly­my.