Hytaýyň Pekin uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglaryna 50 adam gatnaşdy. Meýletinçileriň bir bölegine ýumşy berjaý etmezden ozal, ýarym bulgur suw içmegi, galanyna bolsa, bir käse çaý içmegi haýyş etdiler. Soňra synaga gatnaşyjylara gurluşyk binasynyň kreatiw dizaýnyny hem-de täze restoran üçin at oýlap tapmagy tabşyrdylar.
Meýletinçileriň döredijiligine we olaryň teklip eden dizaýnlaryna başga bir topar baha beripdir. Barlaglarda çaý içen birinji ýumşuň gatnaşyjylary 6,54 bal alypdyr, suw içenler 6,03 bal alypdyr. Çaý içen meýletinçiler ikinji ýumuşda-da öňdeligi eýeläpdirler. Olar 4,11 bal, ikinji topar bolsa, 3,78 bala eýe bolupdyr. Çaý içen gatnaşyjylar döredijilikli pikirlenipdirler.
Mälim bolşuna görä, çaý düzüminde kofein we teanin saklaýar. Ol pikiriňi jemlemäge ýardam berýär, ýöne ol dessine täsir edip başlamaýar. Barlag geçirijiler oňaýly netijäni çaýyň göwnüňi göterýänligi bilen baglanyşdyrýarlar. Umuman, çaýyň başga gowy taraplary hem ýüze çykaryldy. Mysal üçin, golaýda çaýyň dowamly içilmeginiň göze garasuw inme keseliniň howpunyň öňüni alýandygy anyklandy.