Çaý dünýä medeniýetiniň taryhynda mynasyp orun alan önümdir. Dünýäniň ähli ýurdunyň medeniýetinde bu önümiň aýratyn orny bar. Alymlar, arheologlar, lukmanlar çaýyň dünýäsine aralaşyp, bu barada yzygiderli açyşlar edýärler.
Ine, golaýda hormatly Prezidentimiziň “Çaý – melhem hem ylham” atly täze kitaby okyjylar köpçüligine ýetirildi. Alym Prezidentimiz bu eserinde çaýyň taryhyny beýan edip, bu hakda gadymy rowaýatlary we aňlatmalary mysal getiripdir. Milli Liderimiz öz kitabynda çaýyň ilkibada Hytaýda ýüze çykandygy barada köp çeşmeleriň habar berýändigini ýatlap geçýär.
Hytaý, hakykatdanam, çaýyň iň köp içilýän ýeri we bu ýurduň halkynyň uly sarpa goýýan önümleriniň biridir. Bu ýurtda çaý myhmançylyga gidilende esasy we gymmatbahaly sowgat hasaplanýar. Şu ýerde bu ýurduň we beýleki ýurtlaryň metbugatynda çap edilen çaý bilen baglanyşykly käbir makalalara üns çekmek isleýäris.
Çaý ýygmagyň möwsümi başlandy
Hytaýyň Syçuan welaýatynyň Linşuý uezdinde çaý hasylyny ýygmagyň nobatdaky möwsümi başlandy. Bu ýerde çaýyň “Lunsýuý” (Aždarhanyň murty) diýlip atlandyrylýan görnüşi ýygylýar. Çaý plantasiýalary Huainşin dagynyň orta belentliklerinde ýerleşýär. Bu ýere uzak wagtlap Gün şöhlesi düşmeýär. Tutuş ýylyň dowamynda howa ümürli bolýar. Howanyň ýylylygy ýygy-ýygydan üýtgäp durýar. Çaýyň bu görnüşi onuň ýapraklarynyň şekiline görä atlandyrylypdyr. Ol hyýaly aždarhanyň murtuny ýatladýar.
Tibetliler irki döwürden bäri çaý içýär
Tibetlileriň 1800 ýyl mundan ozal çaý içip başlandygy anyklandy. Bu barada Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa we geofizika institutynyň alymlary habar berýärler. Tibetiň gazaply klimatynyň bardygy üçin bu ýerde çaý ösdürilmeýär. Şonuň üçin çaý bu ýere goňşy etraplardan getirilipdir.
1800 ýyl mundan ozal, deňiz derejesinden 4,5 müň metr belentlikdäki häzirki Ngari okrugynyň ýerleşýän ýerinde Žang Žung şalygy höküm sürüpdir. Ýerli halk çaýy diňe bir gowy görüp içmek bilen çäklenmän, eýsem, ony ýylynmak üçin hem ulanypdyrlar.
Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürde çaý Hytaýdan Merkezi Aziýa we Ýüpek ýolunyň ugrundaky beýleki ýurtlara hem ugradylypdyr.
Tibetde geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde, dürli gymmatbahaly zatlaryň arasynda çaý ýapraklaryna hem duş gelnipdir.
Ýaponlaryň söýgüli içgisi
Ýaponiýada çaý içmek boýunça ýörite däpler saklanyp galypdyr. Çaý içmegi ýaponiýalylaryň sungat derejesine ýetirip, “Çaý dabaralaryny” guraýandygyny-da aýtmalydyrys. Sebäbi ol ýaponiýalylaryň söýgüli içgisidir. Däbe görä, çaý içişlik wagty oňa 5-den artyk adam gatnaşmaýar. Çaý içişlik hatda güneşli günlerde-de otagyň içi biraz garaňkyradylyp içilýär. Ýaponlarda ýörite çaý otaglary bar. Olary sünnäläp bezeýärler. Çaý içişlik wagty gürleşmek bolmaýar. Diňe çaýyň iň soňky owurdymyny içeniňden soň, käsäniň we çäýnegiň nireden getirilendigi, ony kimiň ýasandygy, haçan ýasalandygy bilen gyzyklansa bolýar.