Çehiýanyň Prezidenti Miloş Zeman aprel aýynyň ahyrlarynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çagyrmagy boýunça bu ýurtda resmi saparda bolar. Bu barada Çehiýanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Ýirži Owçaçek habar berdi.
– Aprel aýynyň ahyrynda Çehiýanyň Prezidentiniň ABŞ-a sapary bolar. Ol bu ýurduň Prezidenti Tramp bilen duşuşar. Şeýle hem bu saparyň çäklerinde wekilçilikli toparyň düzüminde wise-premýer Andreý Babiş hem-de içeri işler ministri Milan Howanes hem bolar – diýip, Owçaçek gürrüň berdi.
Miloş Zeman ýewropaly ýolbaşçylaryň arasynda Donald Trampy dalaşgär döwründe-de goldan Baştutanlaryň hem-de ony saýlawlarda gazanan ýeňşi bilen ilkinji bolup, gutlan ýolbaşçylaryň biridir. 2016-njy ýylyň dekabrynda Donald Trampyň başlangyjy boýunça Miloş Zeman bilen telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Şonda saýlanan Prezident çehiýaly kärdeşini ABŞ-a gelip görmäge çagyrypdy.