Şu ýylyň tomus paslynda Russiýa Federasiýasynda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionaty ýurduň ykdysadyýetine uly goşant goşdy. Bir aýlap dowam eden sport baýramçylygyna dünýäniň ençeme ýurdundan syýahatçylar hem-de sport janköýerleri geldi. 2013-2018-nji ýyllar aralygynda ýurduň ykdysadyýetine 952 milliard rubl (14,6 milliard dollar) möçberinde girdeji geldi. “Russiýa 2018” atly guramaçylyk komitetiniň taýýarlan beýanatyna görä, 5 ýylyň dowamynda dünýä çempionaty ýurduň ykdysadyýetine oňyn täsirini ýetirdi. Kiçi we orta telekeçiligiň girdejileri ýokarlandy, täze iş orunlary döredi.
Russiýa bu abraýly sport ýaryşyny guramak üçin 688 milliard rubl möçberinde serişde sarp etdi. Çempionatyň ykdysadyýete goşandy hasaba alnanda, ol mundan ozalky Braziliýa, Günorta Afrika, Germaniýa we Günorta Koreýa ýaly ýurtlarda geçirilen dünýä çempionatlarynyň girdejisinden ýokarydyr. Çempionat üçin sarp edilen serişdeleriň hasabyna döredilen mümkinçilikler geljek 5 ýylyň dowamynda-da her ýyl döwletiň ykdysadyýetine 150-210 milliard rubl möçberinde girdeji getirer.
Azim TUGUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.