23-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere bagyşlandy. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işgärleri, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň karary bilen 2018-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndan 22-nji fewralyna çenli dalaşgärleri hödürlemek işleri geçiriler. Olar fewral aýynyň 3-inden 27-sine çenli bellige alnar. Mejlise gatnaşyjylar saýlawlarda syýasy partiýalaryň üçüsiniň dalaşgärleriniň bäsleşjekdiklerini nygtadylar. Demokratik partiýadan başga-da, Senagatçylar we telekeçiler hem-de Agrar partiýalary ýaly täze partiýalar dalaşgärlik ederler.
Mejlisiň dowamynda Merkezi saýlaw toparynyň welaýatlarda we Aşgabat şäherinde öňde boljak saýlawlara taýýarlyk we olaryň guramaçylyk işleri boýunça maksatnamasyna laýyklykda alyp barýan işleri hakyndaky habarlary diňlenildi. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda saýlaw uçastoklaryny döretmek we Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynyň geçirilýän gününde daşary ýurtlarda bolýan ildeşlerimiz üçin saýlaw çärelerini guramak mejlisiň gün tertibine girizilen esasy meseleleriň biri boldy. Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen ýaşlary üçin munuň özi aýratyn möhümdir.
Saýlawlaryň giň bäsleşik esasynda geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň geçirilişine diňe bir jemgyýetçilik guramalary we ýurdumyzyň syýasy partiýalary tarapyndan bellenilen milli synçylaryň däl, eýsem, bu çärä çagyryljak halkara synçylary, köpsanly daşary ýurtlardan, ilkinji nobatda bolsa, ÝHHG, GDA we beýlekiler ýaly abraýly guramalardan synçylaryň gatnaşjakdygyny nygtadylar.