Ni­ge­ri­ýa mag­dan ga­zyp aly­jy se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek üçin 7 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum öz­leş­dir­me­gi mak­sat edin­ýär. Öňü­miz­dä­ki 10 ýy­lyň do­wa­myn­da dag mag­dan pu­da­gy­na ma­ýa go­ýum çe­kip, al­tyn hem-de dür­li de­mir mag­dan­la­ry­ny ga­zyp al­ýan se­na­ga­ty ös­dür­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu hem ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy­na uly go­şant go­şar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti ne­bit se­na­ga­ty­na ga­raş­ly bo­lup gal­ýar.
– Po­lat önüm­çi­li­gi­niň ýyl­lyk kuw­wa­ty­ny 6,8 mil­li­on ton­na çy­kar­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da mu­nuň üç­den bi­ri­niň önüm­çi­li­gi ýo­la go­ýul­dy – di­ýip, ýur­duň dag mag­dan se­na­ga­ty mi­nist­ri Ka­ýo­de Fa­ýe­mi gür­rüň ber­ýär. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, dag mag­dan se­na­ga­ty­nyň ösüş dep­gi­ni­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin 5 mil­liard dol­lar ge­rek. Öňü­miz­dä­ki 2 ýa-da 5 ýy­lyň do­wa­myn­da de­mir mag­da­ny, gur­şun, sink, bi­tum, kö­mür we al­tyn ýa­ly ga­zy­lyp alyn­ýan peý­da­ly mag­dan­la­ryň önüm­çi­lik dep­gi­ni­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sat edi­nil­ýär. Bu ugur­da da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry çe­kil­ýär.
Af­ri­ka­nyň ne­bit ön­dür­ýän iri döw­le­ti ha­sap­lan­ýan Ni­ge­ri­ýa­da oba ho­ja­ly­gy we inf­rast­ruk­tu­ra pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da, dag mag­dan se­na­ga­ty­ny hem ös­dür­mek ýur­duň yk­dy­sa­dy ösüş stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýur­duň gir­de­ji­si­niň 70 gö­te­ri­mi­ni ne­bit eks­por­tun­dan gel­ýän pul se­riş­de­le­ri tut­ýar. Ol hem Ni­ge­ri­ýa­nyň je­mi içer­ki önü­mi­niň 13 gö­te­ri­mi­ne deň­dir. 2014-nji ýy­lyň or­ta­la­ryn­dan baş­lap, ne­bi­tiň ba­ha­sy­nyň pe­se gaç­ma­gy bi­len ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak ba­bat­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da 30 sa­ny po­lat guý­ýan za­wod­la­ryň 18-si iş­le­ýär. On­da bir ýyl­da 2,2 mil­li­on ton­na po­lat ön­dü­ril­ýär. Ýur­duň hö­kü­me­ti da­şa­ry ýurt ba­za­ryn­dan po­lat sa­tyn al­mak üçin her ýyl 3,3 mil­liard dol­lar sarp ed­ýär. Şo­nuň üçin Ni­ge­ri­ýa­nyň de­giş­li pu­daklaýyn eda­ra­la­ry dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len gep­le­şik­ler ge­çir­ýär. Dag mag­dan se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek üçin il­kin­ji tap­gyr­da 1 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de gaz­na dö­re­dil­ýär. Bu ugur­da­ky tas­la­ma­la­ra 5 mil­li­on dol­lar ma­ýa go­ýum kö­me­gi ber­ler.
Ni­ge­ri­ýa­da dag mag­dan se­na­ga­ty­nyň ýur­duň je­mi içer­ki önü­mi­ne goş­ýan go­şan­dy­ny 7 gö­te­ri­me çen­li ýo­kar­lan­dyr­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.