Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Soo­ron­baý Že­en­be­kow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti dü­zül­ýän­çä prem­ýer-mi­nist­riň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Ku­bat­bek Bo­ro­no­wy Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň baş­ly­gy­nyň we­zi­pe­si­ni wagtlaýyn ýe­ri­ne ýe­tir­iji edip bel­le­di di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň met­bu­gat gul­lu­gy tarapyndan mä­lim edildi.
– Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Soo­ron­baý Že­en­be­kow Ka­ra­ra gol çe­kip, oňa la­ýyk­lyk­da, prem­ýer-mi­nist­riň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Ku­bat­bek Bo­ro­now, ýur­duň prem­ýer-mi­nist­ri we­zi­pe­si­ni wagtlaýyn ýe­ri­ne ýe­tir­mek tab­şy­ryl­dy – di­ýip, Pre­zi­den­tiň met­bu­gat gul­lu­gy­nyň we­ki­li aýt­dy.
Go­laý­da prem­ýer-mi­nist­r Mu­ham­­med­ka­ly Abyl­ga­zi­ýew işin­den çe­kil­ýän­di­gi­ni mä­lim e­dipdi.
16-njy iýunda ýurduň par­la­menti ­Bo­ro­no­wyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­li­gi­ni tas­syk­la­dy. Oňa 113 deputat ses berdi, üçüsi ses bermekden saklandy. Ku­bat­bek Bo­ro­now 2018-nji ýyl­dan bä­ri prem­ýer-mi­nist­riň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry bo­lup iş­le­ýär. On­dan öň bolsa ýe­di ýyl­lap Adat­dan da­şa­ry ýag­daý­lar mi­nist­ri bo­lup iş­le­di.