Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly ÝHHG-niň Milli azlyklar boýunça Ýokary Komissarynyň edarasynyň ýolbaşçysy jenap Lamberto Zanýer bilen duşuşyk geçirildi.
L. Zanýer Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatyna hem-de tutuş dünýäde howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine doly kybap gelýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugruna gyşarnyksyz ygrarlydygy bellenildi. Iri halkara guramalary we abraýly sebit düzümleri, şol sanda ÝHHG bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr. Taraplar şeýle hem dünýädäki pandemiki ýagdaý sebäpli özara gatnaşyklar meselesine garadylar.
Onlaýn duşuşygyna bilim ministri hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçysy hem çagyryldy. Duşuşygyň çäklerinde abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen uzak möhletli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gürrüň edildi.
Köp ugurlar, şol sanda syýasy, ykdysady, ekologiýa we adam ölçegi ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şol ugurlary ösdürmäge uly üns berýärler. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, milli hem-de halkara ähmiýetli täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
ÝHHG-niň Ýokary Komissarynyň belleýşi ýaly, Ýewropada milli Liderimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasy hem-de durmuş ugurly içeri syýasaty doly goldanylýar. Şol strategiýa bolsa sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýar. Türkmenistanlylaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň maksatlarynyň töwereginde berk jebisleşmegi soňky ýyllarda tutuş dünýäde emele gelen amatsyz ýagdaýlara garamazdan, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär.
* * *
Göni aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň işewür toparynyň arasynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meseleleri girizildi.
Türkmen tarapyna Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de Newanyň boýundaky şähere öz önümlerini eksport etmäge gyzyklanma bildirýän beýleki birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.
Sankt-Peterburgdan Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary, döwlet düzümleriniň hem-de olaryň garamagyndaky edaralaryň, senagat we gurluşyk serişdelerini, enjamlary, radioelektronika önümlerini öndürmek, telekommunikasiýalar hem-de ölçeýiş tehnikalar ulgamlarynda hem-de eksport we sergi işini guramak babatda işleýän kompaniýalaryň birnäçesiniň wekilleri aragatnaşyga çykdylar.
Onlaýn görnüşindäki gepleşikleriň barşynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de özara gatnaşyklaryň bar bolan uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunda soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň, onuň ägirt uly kuwwatynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan hem-de ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ylmy-tehniki we tehnologik ösüşe, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlar netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Wideoduşuşygyň çäklerinde türkmen tarapynyň wekilleri gurluşyk serişdelerini, dokma önümlerini, şeýle hem hususy önüm öndürijileriň köp görnüşli harytlaryny ibermekde öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Öz tarapyndan «Awangard» açyk paýdarlar jemgyýeti, Telekeçiligi ösdürmek we goldamak merkezi hem-de Newanyň boýundaky şäheriň türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýän beýleki işewür düzümleri eksport boýunça tekliplerini öňe sürdüler.
Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bilelikdäki işiň ugurlaryny anyklaşdyrmaga mümkinçilik berýän yzygiderli ikitaraplaýyn gepleşikleri dowam etmegiň wajypdygyny bellediler. Duşuşyga Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky söwda wekili hem-de Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili hem gatnaşdylar.
* * *
Bilim ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň bilim ministri Husseýn bin Ibragim Al Hammadi bilen gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda netijeli döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolandygy nygtaldy. Munuň şeýle bolmagyna ilkibaşdan hormatly Prezidentimiz hem-de BAE-niň ýokary derejedäki ýolbaşçylarynyň arasyndaky gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýagdaýynyň ýokary derejesi gönüden-göni ýardam edýär.
Iki ýurduň bilim hem-de ylym edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, orta we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn hem-de okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda tejribe alyşmaga hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin döwlet gullukçylaryny we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga özara gyzyklanma bildirildi.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmek, uzak aralykdan elektron okuwlary guramak, şol sanda Türkmenistan bilen BAE-niň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideoduşuşyklaryň çäklerinde guramak meseleleri boýunça giňişleýin pikir alşyldy.
* * *
Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde geçirilen geňeşmeleriň gün tertibine däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary girizildi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň ýola goýlan netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy. Şol gatnaşyklar bolsa köptaraplaýyn görnüşde hem, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýär. Şunda ýokary derejedäki gatnaşyklaryň we duşuşyklaryň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Bu gatnaşyklar türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna bolan resmi sapary we Bahreýniň Patyşasy bin Isa Al Halifanyň Türkmenistana bolan döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka boldy. Şol saparlar, degişlilikde, 2011-nji ýylyň fewralynda hem-de 2019-njy ýylyň martynda amala aşyryldy. Manamada we Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ep-esli berkiden hem-de dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Türkmenistan we Bahreýn Patyşalygy uly tebigy serişdelere eýe bolan hem-de çäk taýdan amatly ýerleşen, okgunly ösýän döwletlerdir. Munuň özi söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şol hyzmatdaşlykda iki ýurduň işewür düzümlerine möhüm orun degişlidir.
Ynsanperwer ulgamy döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistan we Bahreýn baý taryhy-medeni mirasa eýedir. Bu ulgamda däp bolan gatnaşyklaryň ösdürilmegi bolsa iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, medeniýetleriň özara baýlaşmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Halkara giňişlikde hyzmatdaşlyk etmek meselesi babatda Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň möhüm sebit hem-de ählumumy meseleler boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da ýakyndygyny görkezýändigi bellenildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge degişlidir.
Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri yzygiderli geçirmek tejribesini dowam etmegiň wajypdygyny bellediler.
* * *
Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşindäki gepleşikleriniň çäklerinde dünýä ykdysadyýetiniň wajyp ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamyndaky döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, çäk taýdan örän amatly ýerleşýän goňşy döwletler bu ugurda ägirt uly kuwwata eýe bolup, ony durnukly ykdysady ösüşi, iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak we halkara söwda gatnaşyklaryny berkitmek üçin ulanmaga çalyşýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamyny döretmek we täze döwrüň talap edýän ulag geçelgelerini kemala getirmek baradaky başlangyçlaryny uzakmöhletleýin goldamak bilen, türkiýeli hyzmatdaşlar deňhukukly esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, wideoduşuşygyň çäklerinde taraplar hereket edýän ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we pudak üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, şonuň ýaly-da, sebit hem-de global çäklerde netijeli hyzmatdaşlygy we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat edýän bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.
* * *
Belgiýanyň Brýussel şäherinde ýerleşýän Energetika Hartiýasynyň sekretariaty tarapyndan Energetika Hartiýasyna Ylalaşygy (EHY) döwrebaplaşdyrmak boýunça wideomaslahatlar görnüşinde geçirilýän gepleşikleriň birinji tapgyryna ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri gatnaşýarlar.
Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň agzalary bolan ähli döwletler eýýäm Şertnamany täzelemek barada öz tekliplerini hödürlediler. Taraplar Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyny döwrebaplaşdyrmak baradaky iş Toparynyň häzirki – hasap boýunça ikinji mejlisinde bu resminamanyň taslamasynyň esasy düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirdiler.
Energetika ulgamynda maýa goýumlaryny goramak esasy mowzuklaryň biridir. Geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda meseleleriň giň tertibine, şol sanda halkara maýa goýum düzgünini kemala getirmekdäki orny, täze üstaşyr serhet energetika ulgamyna maýa goýmagyň aýratynlyklary, ýurtlaryň we energetika taslamalaryna beýleki gatnaşyjylaryň özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň hukuk we telekeçilik ugurlary Energetika Hartiýasyna Ylalaşygynyň tutýan orny ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, energiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda EHY-ny dünýäniň energetika ulgamyna ornaşdyrmagyň häzirki zaman talaplaryna uýgunlaşdyrmagyň, oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin hökmany bolan hem-de maýa goýumlary we energiýa serişdeleriniň söwdasy bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmaga ýardam edýän bitewi kadalary işläp taýýarlamagyň wajypdygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň energetika howpsuzlygynyň täze ählumumy binýadyny kemala getirmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Häzirki wagtda energetika howpsuzlygy döwletleriň durnukly ösüşiniň, ählumumy parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýar.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Rezolýusiýalar milli Liderimiziň teklipleriniň möhüm ähmiýete eýedigine aýdyň şaýatlyk edýär.