Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly «C5+1» görnüşinde duşuşygy geçirildi. Mejlise Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary hem-de Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar.
Taraplar syýasy-diplomatik ugur boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine garadylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň hemişe aýratyn üns berýän meselesi bolan Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak hem-de dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň bilelikdäki gurallaryny işläp taýýarlamak gün tertibiniň esasy meseleleri boldy.
Duşuşykda türkmen tarapynyň goňşy ýurduň syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen köptaraplaýyn görnüşindäki hyzmatdaşlygy goldaýandygy hem-de ýurdumyzyň syýasy-diplomatik mümkinçiliklerini bu ugurda herekete getirmäge taýýardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Şeýle hem sebit ähmiýetli özara maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmagyň mümkinçilikleri, düzümleýin ulag-kommunikasiýa, durmuş we energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Saglygy goraýyş, energetika, ulag, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça pikir alyşmalar boldy.
Türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde geçirilen 86-njy mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň gün tertibine Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada pikir alyşmalar hem-de COVID – 19 pandemiýasy zerarly ýüze çykan oňaýsyz täsirleri peseltmek boýunça köpçülikleýin çäreleriň mümkinçilikleri baradaky meseleler girizildi.
Bu babatda Türkmenistan baý tejribä eýedir, sebäbi COVID – 19 ýokanç keseliniň ýaýramak howpy ýüze çykan wagtyndan bäri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda raýatlary bu howply keselden goramak we onuň öňüni almak boýunça netijeli çäreler geçirildi.
Wideomaslahatyň dowamynda ykdysadyýeti adaty ýagdaýda ösýän hem-de makroykdysady ýagdaýyň durnuklylygy saklanylýan Türkmenistandaky ýagdaýa garaldy. Ýurdumyzda ýeterlik derejede ýokary we durnukly ykdysady ösüş üpjün edilýär, bu görkeziji 6,2 göterime deňdir. Şunda ýurdumyzda daşarky howplara dessin çäre görmek hem-de ykdysady ýagdaýyň üýtgemelerine uýgunlaşmak boýunça çäreler geçirilýär.
Häzirki wagtda býujet we pul-karz ulgamlarynda degişli çäreler geçirilýär, olar daşarky täsirleriň ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ösüşine ýetirýän oňaýsyz netijelerini peseltmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça pudaklaryň we býujetiň şu ýylyň ahyryna çenli ösüşine baha we çaklama berildi.
Maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmeleri, esasan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegi üçin goşmaça serişdeler bölünip berilýär. Bu bölegiň kärhanalary (ulag, syýahatçylyk, hyzmatlar ulgamy) hojalyk işleriniň togtadylandygy zerarly kynçylyklary çekýärler.
Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň esasan obasenagat toplumynda öndürilýän önümleriň hasabyna üpjün edýändigi möhüm şertdir. Şunda uglewodorod serişdelerine degişli bolmadyk – dokma, gök-bakja, mineral dökünleri, gurluşyk serişdeleri ulgamynda eksporta iberilýän harytlaryň möçberleri artdy.
Şeýle hem Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň binasyndan Aşgabatda alnyp görkezilen GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 86-njy mejlisinde Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisiniň çäginde Moskwada GDA döwletleriniň sergi-söwda merkezlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat diňlenildi.
GDA-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän mejlisde bu mesele aýratyn çözüldi.
GDA gatnaşyjy döwletleriň intellektual eýeçiligi bazarynyň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi barada maglumat diňlenildi. Geňeşiň agzalary 2020 – 2025-nji ýyllarda Halkara gatnawlarynda ýük daşamalarynyň durmuşa geçirilmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň çäklerinde ulag howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça çäreleriň meýilnamasyny makulladylar.
Onkologiýa kesellerine garşy göreşmek boýunça 2020 – 2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy, weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda we beýleki resminamalar kabul edildi.