Adatça Demirgazyk polýusa ýakyn ýerlerde gijesine görünýän ýaşyl reňkli şöhlelere Demirgazyk yşyklary diýilýär. “Aurora Borealis” hem diýilýän bu tebigy hadysa barada täsin maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
Emele gelýän her bir demirgazyk yşygy diňe ýekeje gezek şol bir görnüşde peýda bolýar.
Demirgazyk yşyklary asmanda elektronlaryň çaknyşmagy netijesinde gök, gyzyl, mämişi, ýaşyl reňkde emele gelýär.
Ilkinji gezek bu hadysa 1619-njy ýylda Galileo Galileý tarapyndan surata alnypdyr.
Demirgazyk yşyklary dünýäniň magnitli ýerleri bilen Günden gelýän şöhleleriň täsirleşmeginiň netijesinde ýüze çykýar.
Demirgazyk yşyklary asmanda bulut, peýkam, çyzgy we töwerek şekillerinde görünýär.
Anders Selsiý 1741-nji ýylda demirgazyk yşyklarynyň uly magnit akymyny emele getirýändigini anyklapdyr.
Eskimoslar demirgazyk yşyklaryny awlaýan haýwanlarynyň simwoly hasaplaýarlar.
“Aurora Borelis” Ýupiter, Saturn, Uran, Neptun we Mars planetalarynda hem emele gelýär.
Bu hadysa Demirgazyk Amerikada Ýellounaýfda, Ýewropada Norwegiýanyň Tromse şäherinde tomaşa edip bolýar.
Demirgazyk yşyklary Ýeriň ýüzünden azyndan 96 kilometr beýiklikde ýüze çykýar.