“Doubleday” neşiri Den Braunyň täze romanynyň buktreýlerini – kitabyň mazmuny baradaky wideoroligi görkezdi. Bu gezek Garwardyň professory Robert Lengdon Ispaniýa gidýär. Ol bu ýerde adamzadyň iki uly meselesine jogap agtarýar: “Biz nireden geldik?” we “Nirä barýarys?”. Täze kitap awtoryň öz usulyýetinde ýazylyp, ylym, din, taryh, arhitektura, sungat we beýleki dürli meseleleri öz içine alýar.
Romandaky wakalar Ispaniýanyň dört şäherinde – Madridde, Barselonada, Sewilýada we Lengdonyň Guggenheýma muzeýine baran ýeri Bilbaoda bolup geçýär. Professor häzirki zaman sungaty bilen meşgullanýar, okyjylar bolsa, şu günki günde iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyş bolarlar. Neşirýatda bellemeklerine görä, “gelip çykyş” Lengdony ýokarda agzalan adamzadyň iň esasy iki meselesine çynlakaý çemeleşmäge mejbur edýär. Şu günki güne çenli Den Braunyň 200 million nusgadan gowrak romany neşir edilip, olar 56 dile terjime edildi. Onuň iň soňky romany “Inferno” 2013-nji ýylda neşir edilipdi.