Birleşen Arap Emirlikleriniň iri şäheri Dubaýda dünýäniň iň beýik binasy hasaplanýan Burj Halifadan hem has beýik boljak täze ymaratyň gurulmagy meýilnamalaşdyrylýar. Bu barada “Frans Press” habarlar gullugy habar berýär.
Täze binany “Emaar” kompaniýasynyň gurjakdygy aýdylýar. Munuň üçin, takmynan, 1 milliard dollar sarp ediler. Binanyň beýikligi onuň gurluşyk işleri tamamlanandan soňra belli bolar. Ol 2020-nji ýylyň öňüsyrasynda şäher üçin özboluşly sowgat bolar. Binada daş-töweregi synlamak üçin meýdança, restoranlar we myhmanhana bolar. Taslamany düzüji hökmünde ispan binagäri Santýago Kalatrawa Wals çykyş edýär.
Dubaýdaky Burj Halifanyň beýikligi 828 metre barabardyr. Ol häzirki wagtda dünýäniň iň beýik ymaratydyr. Bina daşyndan stalagmiti (gowaklarda ýokardan damýan hekli damjalardan emele gelýän konus şekilli sütünjik) ýatladýar.