Dünýäniň iň uly gämisi hasaplanýan “Harmony of the seas” ýekşenbe güni özüniň ilkinji uzak wagtlyk syýahatyna başlady. Ol Fransiýanyň Sen-Nazer şäherindäki portdan ugur aldy. Ol, ilki bilen, Beýik Britaniýanyň günorta kenaryndaky Sautgempton şäheriniň portuna baryp, şol ýerde özüniň ilkinji ýolagçylaryny kabul eder. Şol ýerden Barselona şäherine gider we Ortaýer deňzi boýunça ýüzüşine başlar. Gäminiň birbada 6,4 müň ýolagça hyzmat etmäge mümkinçiligi bar. Onda 2 müňe golaý adam işlär. Onuň uzynlygy 362 metr, ini 66 metr, beýikligi bolsa, 72 metre deňdir. Ýolagçylaryň göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertler döredilipdir. 1,4 müň orunlyk teatr, sport zallary, howuz, basketbol meýdançasy, suw attraksionlary, ýüz metre uzalyp gidýän söwda dükanlary, 30-a golaý restorandyr kafe we 12 müň dürli ösümlikleri bolan bag ýerleşýär.
Dünýäniň iň uly gämisi bolmaga hukuk gazanan “Harmony of the seas” 2,5 ýylda guruldy. Oňa “RCI” kompaniýasy 1 milliard ýewro sarp etdi. Ol gurluşygynyň alnyp barylýan döwründe Sen-Nazar şäheriniň iň köp syýahatçy çeken ýerine öwrüldi. Gäminiň gurluşygy bu ýere gelen jahankeşdeleriň ünsüni çekdi.