Dünýäniň iň uzyn deňiz köprüsiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Gonkongy, Çžuhaýy hem-de Makaony birleşdirýär. Gurluşygy 7ýyl dowam eden köprini şu ýylyň ahyrynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Onuň uzynlygy 55 kilometre we takmynan 7 kilometri suwasty tunneldir. Köpriniň gurluşygynda 420 müň tonna polat ulanyldy we ol mukdary boýunça 60 sany Eýfel diňini gurmak üçin ýeterlik möçberdir.
– Köpri ähli tehnologik synaglardan geçirildi we ony köpçülikleýin ulanmaga bermek üçin işler gyzgalaňly ýagdaýda alnyp barylýar – diýip, gurluşyk kompaniýasy habar berýär.
Bu iri çylşyrymly desganyň gurluşygynyň bir bölümi deňziň aşagyndan geçýär. Ol hem öz gezeginde, dünýäniň iň uzyn suwasty awtomobil tunneli hökmünde taryhyň sahypalarynda öz ornuny eýeledi. 7kilometre uzalyp gidýän suwasty tunnel 40metr aşakdan geçýär. Bu ägirt uly taslama Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäheri bilen Gonkong we Makao administratiw etraplary tarapyndan bilelikde guruldy.