9-10-njy iýul ara­ly­gyn­da Mon­go­li­ýa­nyň paý­tag­tyn­da Mon­go­li­ýa­nyň, Hy­ta­ýyň we Rus­si­ýa­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­le­ri­niň 3-nji mas­la­ha­ty ge­çi­ri­lip, on­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň hem-de sy­ýa­hat­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ýol­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mon­go­li­ýa sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len 2018-nji ýy­ly “Sy­ýa­hat­çy­lyk ýy­ly” di­ýip yg­lan et­di. Ýurt 2018-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de 705 müň da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy ka­bul edip, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 11 gö­te­rim köp­dür. Mon­go­li­ýa 2020-nji ýyla çenli bu görkezijini 1 mil­li­ona çykarmagy me­ýil­leş­dir­ýär.

10-16-njy iýul ara­ly­gyn­da ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tram­p Ýew­ro­pa sa­pa­rynyň çäklerinde Bel­gi­ýada, Be­ýik Bri­ta­ni­ýada we Fin­lýan­di­ýada boldy. Ame­ri­kan Li­de­ri­niň bu sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da Hel­sin­ki­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki rus-ame­ri­kan gep­le­şik­le­ri ge­çi­ril­di. Tramp Brýus­sel­den Lon­do­na uçup, ol ýer­de Prem­ýer-mi­nistr Te­re­za Meý we şa ze­na­ny Ýe­li­za­we­ta II bi­len gep­le­şik­le­ri ge­çir­di. Bu Prezident Donald Tram­pyň Be­ýik Bri­ta­ni­ýa il­kin­ji sa­pa­ry bol­dy.

Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne ýük ug­rat­mak üçin uçu­ry­lan “Prog­ress 70” kos­mos gä­mi­si 3 sa­gat 48 mi­nut­da bar­ma­ly men­zi­li­ne ýe­tip, re­kord goý­dy. Adat­ça, iki gün do­wam ed­ýän bu ara­lyk 2013-nji ýyl­da 6 sa­ga­da dü­şü­ri­lip­di.

Hy­taý-ame­ri­kan bar­lag ge­çi­ri­ji­ler to­pa­ry Hy­ta­ýyň Şan­dun we­la­ýa­ty­nyň Tan­çen şä­he­rin­de 100 mil­li­on ýyl mun­dan ozal ýa­şap ge­çen 300-den gow­rak di­no­zaw­ryň yz­la­ry­nyň üs­tü­niň açy­lan­dy­gy ba­ra­da mä­lim et­di­ler. Ola­ryň 70-si we­lo­se­rap­tor­la­ra de­giş­li bo­lup, ola­ryň dört pa­ral­lel ugur bo­ýun­ça ýer­leş­me­gi, sü­ri bo­lup ýa­şap ge­çen bu jan­dar­la­ryň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny su­but ed­ýär. Bu di­no­zawr­la­ryň şu gör­nü­şi­niň yz­la­ry­nyň sa­ny bo­ýun­ça dün­ýä­de il­kin­ji açyş­dyr. Äh­li ýü­ze çy­ka­ry­lan yz­lar te­ro­pod, deý­no­nih we ýe­lek­li di­no­zawr­lar ýa­ly di­no­zawr­la­ryň ýe­di gör­nü­şi­ne de­giş­li­dir.

7-nji iýul­da Tai­lan­dyň Çieng­raý we­la­ýa­tyn­da­ky go­wak­da aza­şan 13 adam­dan yba­rat fut­bol to­pa­ry­nyň ýet­gin­jek­le­ri we ola­ryň tä­lim­çi­si ha­las edil­di. Hy­ta­ýyň, ABŞ-nyň we Awst­ra­li­ýa­nyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki guw­was­la­ry ha­las ediş iş­le­ri­ni üs­tün­lik­li ber­jaý et­di­ler. En­çe­me gün­läp go­wak­da ga­lan ýet­gin­jek­le­riň sag­lyk we ru­hy ýag­da­ýy­nyň oňat­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. 11-16 ýaş ara­ly­gyn­da­ky mek­dep okuw­çy­la­ry we ola­ryň tä­lim­çi­si 23-nji iýun­da go­wa­ga gi­ren­le­rin­den soň­ra, güýç­li ýa­gyş ýa­gyp, go­wa­gyň köp bö­le­gi­ni suw bas­ýar we olar çy­kal­ga­syz ýag­daý­da gal­ýar­lar.