2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Ýewropa sebitinde ýeke-täk pul birligi bolan ýewronyň dolanyşyga girizilmeginiň 20 ýyllygy bellendi. 20 ýyl mundan ozal, 1999-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Ýewropa Bileleşiginiň 11 ýurdy ýewro pul birligini ulanmaga başlapdy. 2002-nji ýylda Ýewropa sebitindäki döwletleriň ählisinde milli pul birliginiň ornuny ýewro tutupdy. Häzirki wagtda ýewro Ýewropanyň 19 ýurdunyň 340 milliondan gowurak raýatynyň ýeke-täk pul birligidir.
Şweýsariýanyň maliýe ministri Ueli Maurer ýurduň Prezidenti wezipesine girişdi. Ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, ol 2019-njy ýylda ministr wezipesi bilen bir hatarda, Prezident wezipesini hem ýerine ýetirer. Şweýsariýada hökümet agzalarynyň biri ýurduň döwlet Baştutany wezipesine bir ýyllygyna saýlanýar. Ol daşary ýurduň döwlet Baştutanlaryny kabul edýär we öz ýurduna daşary ýurtlarda wekilçilik edýär.
Braziliýada geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Žair Bolsonaro wezipesine girişdi. Ýurduň Milli kongresinde (parlamenti) geçirilen dabarada täze Prezident kasam kabul edip, wezipesine başlady. Dabara ýurduň kanunçylyk we kazyýet häkimiýetiniň wekilleri, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdy. Geçen ýylyň 28-nji oktýabrynda ýurtda Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilipdi. Şonda Sosial-liberal partiýasynyň dalaşgäri Bolsonaro ýeňiş gazanypdy. Täze döwlet Baştutanynyň wezipe möhleti 2022-nji ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýar.
Tailandyň täze patyşasy şu ýylyň 4-6-njy maýy aralygynda geçiriljek dabarada tagta çykar. Patyşa Mahi Watçiralongkorn täç geýdirmek dabarasynyň çäklerinde patyşa maşgalasynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalary bilen duşuşar. Ol ýurduň ozalky patyşasy Pumipon Adulýadetiň (Rama IX) ýeke-täk ogludyr. Häzirki patyşa 1952-nji ýylyň 28-nji iýulynda dünýä indi. Ol 2016-njy ýylyň dekabrynda kakasy aradan çykandan soňra ýurduň patyşasy (Rama X) bolupdy.