Pa­ra­hat­çy­lyk fo­ru­my ge­çi­ri­ler. 11-13-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da Pa­riž­de me­ýil­leş­di­ril­ýän üçün­ji Pa­ra­hat­çy­lyk fo­ru­my bel­le­ni­len wagt­ynda ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da fo­ru­myň gu­ra­ma­çy­la­ry ha­bar ber­di­ler. Olar fo­ru­myň esa­sy mow­zu­gy­nyň, hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de eme­le ge­len ýag­da­ýa gö­rül­me­li çä­re­le­riň sel­jer­me­si bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Pa­ri­žiň Pa­ra­hat­çy­lyk fo­ru­my­ny ge­çir­mek baş­lan­gy­jy Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ro­na de­giş­li­dir. No­ýabr aýyn­da Pa­riž­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ry­ny gu­ra­mak hem-de işe gi­riz­mek, yk­dy­sa­dy me­se­le­ler we san­ly teh­no­lo­gi­ýa ýa­ly üç esa­sy me­se­lä­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.

“The Be­at­les”-iň aý­dy­my ta­pyl­dy. Ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len li­wer­pul dört­lü­gi – “The Be­at­les” to­pa­ry­nyň ozal­ky ag­za­la­ry bo­lan Pol Mak­kart­ni bi­len Rin­go Star­ryň ozal hiç bi­lin­me­ýän aý­dy­my Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da auk­sio­na çy­ka­ryl­ýar. Bu aý­dym, Rin­go Star­ryň “Ti­me Ta­kes Ti­me” (1992) at­ly al­bo­my üçin ýaz­ga ge­çi­ri­len eken. Uzak wagt­lap ýaz­gy­ly kasse­ta, Lýuk­sem­burg ra­di­os­tan­si­ýa­sy­nyň iş­gä­ri To­ni Prin­siň ýy­gyn­dy­syn­da sak­la­nyp­dyr. Ol bu seý­rek kas­se­ta­ny 19-njy maý­da on­laýn ýag­daý­da ge­çi­ril­jek auk­sio­na çy­ka­rar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, kas­se­ta­nyň ba­ha­sy 20 müň funt ster­lin­ge ýe­tip bi­ler (tak­my­nan 25 müň dol­lar) diý­lip ga­ra­şyl­ýar.

Mak­ro-ma­li­ýe kö­me­gi­ni be­rer. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi Mol­do­wa Res­pub­li­ka­sy­na 100 mil­li­on ýew­ro mak­ro-ma­li­ýe kö­me­gi ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ka­rar Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan yg­lan edil­di. Ka­rar Ýew­ro­pa Par­la­men­ti we Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan ma­kul­lan­ma­ly. Umu­man aý­da­nyň­da, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi on­lar­ça ýur­da tak­my­nan, üç mil­liard ýew­ro mak­ro-ma­li­ýe kö­me­gi­ni ber­ýär. Gol­da­wyň 1,2 mil­liard ýew­ro­sy Uk­rai­na ni­ýet­len­di.

EXPO ser­gi­si gel­jek ýyl ge­çi­ri­ler. 2020-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­dan 2021-nji ýy­lyň ap­re­li­ne çen­li Du­baý şä­he­rin­de (BAE) me­ýil­leş­di­ri­len hal­ka­ra ser­gi­si bir ýyl yza süý­şü­ril­di. Hal­ka­ra ser­gi býu­ro­sy “EXPO 2020” ser­gi­si­ni 2021-nji ýy­lyň 1-nji okt­ýab­ryn­dan 2022-nji ýy­lyň 31-nji mar­ty­na çen­li aralykda ge­çi­r­me­gi makul bilendigi ha­bar be­ril­ýär.
Du­baý bu çä­rä­ni ge­çir­mek hu­ku­gy­na 2014-nji ýyl­da eýe bol­up­dy. Bu ýag­daý Du­ba­ýyň goz­gal­ma­ýan em­läk ba­za­ry­ny gol­da­ma­ga kö­mek edip, ýur­da has köp sy­ýa­hat­çy­la­ryň gel­me­gi­ne umyt dö­ret­di. “Akyl­la­ry bir­leş­di­rip, gel­je­gi gu­ra­lyň!” di­ýen te­ma­da ge­çi­ril­jek bu ser­gä dün­ýä­niň 192 ýur­dy gat­na­şar. “Expo 2020”-iň gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry ser­gi­niň äh­li döw­rün­de 20 mil­li­on­dan gow­rak myh­ma­nyň gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Býu­ro­nyň ag­za­la­ry­nyň “EXPO 2020 Du­baý” ser­gi­si­niň res­mi ady­nyň bol­şy ýa­ly sak­lan­ma­gy ba­ra­da ka­ra­ra gel­en­di­gi bel­le­nil­ýär.