Pol­şa saý­law­la­ra bar­ýar. Geçen aýyň 10-njy ma­ýyn­da Pol­şa­da ge­çi­ril­me­li Pre­zi­dent saý­law­la­ry dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li yza süý­şü­ri­lip­, 28-nji iýun­da ge­çi­ri­ler. Soň­ky pi­kir so­ra­ly­şyk­la­ra gö­rä, Ra­fal Tşas­kows­kiý ikin­ji or­na çyk­dy (26%). Meş­hur žur­na­list, te­le alyp­ba­ry­jy we ga­raş­syz da­laş­gär Şi­mon Go­lown­ýa üçün­ji ýer­de (12%). “Ka­nun we ada­lat” par­ti­ýa­sy­na we­kil­çi­lik ed­ýän hä­ki­mi­ýet ba­şyn­da­ky hä­zir­ki pre­zi­dent An­jeý Du­da bol­sa, öň­dä­ki or­ny eýe­le­ýär (43%).

Geçiriljek wagty belli boldy. Os­kar baý­rak­la­ry­nyň no­bat­da­ky, has ta­ky­gy, 93-nji gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy­nyň 2021-nji ýy­lyň 25-nji ap­re­lin­de ge­çi­ri­ljek­di­gi ha­bar be­ril­di. As­lyn­da ony gel­jek ýy­lyň 28-nji few­ra­lyn­da ge­çi­r­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär­di. Ýö­ne ABŞ-nyň Ki­no aka­de­mi­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri da­ba­ra­nyň yza süý­şü­ril­me­gi­ni dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny aýt­dy­lar. Adat­ça Os­kar baý­rak­la­ry ýy­lyň few­ral-mart aý­la­ryn­da gow­şu­ryl­ýar. Baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy­nyň bel­le­ni­len wag­tyn­dan üýt­ge­dil­me­gi Os­ka­ryň ta­ry­hyn­da 4-nji ge­zek bol­ýar.

Yza süý­şü­ril­di. Şri-Lan­ka­da 20-nji iýu­na me­ýil­leş­di­ri­len par­la­ment saý­law­la­ry 5-nji aw­gus­ta süý­şü­ril­di. Bu ba­ra­da Şri-Lan­ka­nyň saý­law to­pa­ry­nyň baş­ly­gy Ma­hin­da De­şap­ri­ýa mä­lim et­di. 2-nji mart­da Şri-Lan­ka­nyň Pre­zi­den­ti Go­ta­baýa Ra­ja­pak­sa par­la­men­tiň ýa­ty­ry­lyp, 24-nji ap­rel­de tä­ze par­la­ment saý­law­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni yg­lan ed­ýän ýö­ri­te ka­ra­ra gol çe­kip­di. Ýö­ne Şri-Lan­ka­nyň saý­law to­pa­ry bu sy­ýa­sy çä­rä­niň 20-nji iýu­na çen­li yza süý­şü­ri­len­di­gi­ni ha­bar be­rip­di. On­dan soň­ra, ýur­duň saý­law to­pa­ry dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li par­la­ment saý­law­la­ry­na ses ber­li­şi­giň se­ne­si­ni 5-nji aw­gus­ta çen­li yza süý­şür­mek ka­ra­ry­na gel­di.

Hem­ra­la­ry­ny or­bi­ta çy­kar­dy. ABŞ-nyň “SpaceX” kom­pa­ni­ýa­sy Flo­ri­da kos­mod­ro­myn­dan “Star­link” hem­ra­la­ry bi­len “Falcon 9” gö­te­ri­ji ra­ke­ta­sy­ny uçur­dy. Kos­mo­sa ug­ra­dy­lan 58 ara­gat­na­şyk hem­ra­sy kom­pa­ni­ýa­nyň do­ku­zyn­jy to­pa­ry­dyr. “Star­link” ul­ga­my dün­ýä­niň ila­ty­nyň kö­pü­si­ni, şol san­da bar­ma­sy kyn ýer­le­ri-de ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net (se­kunt­da 1 gi­ga­bit) bi­len üp­jün eder. ABŞ-nyň gü­nor­ta­sy­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň il­kin­ji bo­lup “Star­link”-i ula­n­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li bo­lar. Şunuň bilen birlikde “Pla­net Labs” kompaniýasynyň üç zon­dy hem or­bi­ta çy­karyl­dy. Olar te­les­kop we ýo­ka­ry çöz­güt­li ka­me­ra bi­len Ýe­riň ýü­zü­ne gö­zeg­çi­lik eder­ler.

Mü­sür ho­wa gat­na­wy­ny aç­ýar. Mü­sü­riň ra­ýat awia­si­ýa­sy mi­nist­ri Mu­ham­met Ma­nar Ina­ba 1-nji iýul­dan ýur­duň ho­wa hyz­mat­la­ry­nyň açyl­ma­gy­na do­ly taý­ýar­dy­gy­ny aýt­dy. Şeý­le­lik­de, Mü­sü­riň äh­li ho­wa men­zil­le­rin­den ho­wa gat­na­wy­nyň tä­ze­den baş­la­ma­gy 1-nji iýul­da me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de mi­nistr bu ka­ra­ryň di­ňe bir dynç alyş ýer­le­ri üçin däl, eý­sem, Kai­riň we Alek­sand­ri­ýa­nyň go­la­ýyn­da­ky Burj el-Arab ho­wa men­zi­li­ne-de de­giş­li­di­gi­ni aýt­dy.

Ki­no­teatr­la­r işe baş­lar. Iýul aýyn­da “Ame­rican Mul­ti-Cine­ma Theat­res” kom­pa­ni­ýa­sy­ dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­dä­ki 1000 ki­no­te­at­ry­nyň ga­py­sy­ny tä­ze­den açar. Kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri­niň be­ýa­na­ty­na gö­rä, dün­ýä­dä­ki iň uly ki­no­teatr ul­ga­my Nor­we­gi­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Is­pa­ni­ýa we Por­tu­ga­li­ýa ýa­ly ýurt­lar­da tä­ze­den işe baş­lar. Kan­zas­da ýerleşýän kompaniýa dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li 17-nji mart­da ki­no­teatr­la­ry­nyň kö­pü­si­ni ýa­pyp­dy. 1920-nji ýyl­da dö­re­di­len bu kom­pa­ni­ýa­nyň yg­ty­ýa­ryn­da 2200 ki­no­teatr bo­lup, 2016-njy ýyl­dan bä­ri dün­ýä­niň iň uly ki­no­teatr ul­ga­my bo­lup dur­ýar.

Il­kin­ji sy­ýa­hat­çy­lar Gre­si­ýa gel­di. Gre­si­ýa­nyň ho­wa men­zil­le­ri üç aý­dan soň yzy­gi­der­li hal­ka­ra gat­naw­la­ry­ny ka­bul edip baş­la­dy. Tak­my­nan 700 müň adam iş­le­ýän we Gre­si­ýa­nyň je­mi içer­ki önü­mi­niň 20%-ini eme­le ge­tir­ýän sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň iş­jeň­leş­me­gi­ne ýur­duň hö­kü­me­ti bil bag­la­ýar. Ge­çen ýyl Gre­si­ýa 33 mil­li­on sy­ýa­hat­çy ge­lip, je­mi 19 mil­liard ýew­ro sarp et­di.