Dünýäniň iň uzyn derýasy, iň beýik dagy, iň uly ummany, iň ýüwrük jandary ýaly maglumatlar barada köp habar berilýän hem bolsa, iň çuňňur derýanyň haýsydygy barada köp agzalmaýar. Dünýäniň iň çuň derýasy yssy we gurak tebigatly yklyma eýe bolan Afrikadan akyp geçýän Kongo derýasy çuňlugy bilen tapawutlanýar. Ýer ýüzüniň iň uzyn derýasy bolan Nil hem Afrikanyň birnäçe ýurdundan geçip, Ortaýer deňzine guýýar. Kongo derýasyndan sekuntda 41 800 m3 suw akyp, bu ugurda Amazonkadan soňra ikinji ýerde durýar. Bu akar suwuň hanasynyň çuňlugy 220 metrden geçýär. Zair we Lualaba atlary bilen hem tanalýan derýa iň ygally sebitleriň biri bolan Kongo tokaýlyklaryndan akyp geçýär. Gözbaşyny Gündogar Afrikadaky daglardan we düzlüklerden alyp gaýdýan derýanyň uzynlygy 4700 kilometre barabardyr. Şeýle hem, bu derýanyň ýene bir aýratynlygy ekwator çyzygyny iki gezek kesip geçmegidir. Derýa günbatarlygyna akyp, 9 ýurduň çäginden geçenden soňra, Atlantik ummanyna guýýar. Derýanyň akyp geçýän ýerlerinde köp mukdarda oba hojalyk ekinleriniň hasyly alynýar. Şeýle hem derýanyň kenarýakalarynda sebitiň iri şäherleri ýerleşýär. Derýanyň çuňlugy gämi üçin hem amatly bolup, ýük we ýolagçy gatnawynda giňden peýdalanylýar.