Angliýanyň Ekseter şäherinde ýaşaýan “dünýäniň iň garry pişigi” adyna eýe bolan Rubbl 31 ýaşynda aradan çykdy. Onuň ýaşy adamyňky bilen deňeşdirilende takmynan 150 ýyl diýlip hasaplanýar. Rubblyň 52 ýaşly eýesi Mişel ony 1988-nji ýylyň maý aýynda 20 ýaş doglan gününde alypdyr. Ol 2020-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda dünýäniň iň uzak ýaşan pişigi rekordyny täzeläpdi.