Meşhur bilim žurnaly “Nature” dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim edaralarynyň sanawyny mälim etdi. Sanawda Hytaýyň Ylymlar akademiýasy birinji orny eýeledi. Pekinde ýerleşýän edara 1 805,22 bal aldy. Baha berlende, edaranyň halkara ylmy žurnallarda ylmy işleri ýaýradylan awtorlaryň sany umumy awtorlaryň sany bilen deňeşdirilip hasaplanýar. Hytaýyň Ylymlar akademiýasy, esasan, himiýa degişli ylmy işlerde täze açyşlar edipdir. Şeýle hem fizika, daşky gurşaw we ýaşaýyş-durmuş bilimleri barada ylmy işleri ýerine ýetiripdir. Ikinji ýeri belli ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Garward uniwersiteti eýeledi. Garwardly hünärmenler 925,15 bal alypdyrlar. ABŞ-nyň Massaçusetts ştatyndaky Boston şäherinde ýerleşýän okuw mekdebi biologiýa, lukmançylyk, weterinariýa we derman senagaty ýaly ugurlarda has köp ylmy işleri alyp barypdyrlar. Sanawyň üçünji ýerini Ylmy ösüş üçin Maks Plank Jemgyýeti eýeledi. Germaniýanyň ylmy institutlarynyň assosiasiýasy bolan edaranyň dürli ugurlarda zähmet çekýän 17 müňden gowrak işgäri bar. Edara fizika, himiýa, kosmos, daşky gurşaw we beýleki birnäçe ugurda iş alyp barýar.
“Nature” neşiriniň sanawyna jemi 500 ylmy edara girizildi. Sanawdaky institutdyr uniwersitetler, esasan, Hytaý, ABŞ, Germaniýa, Fransiýa we Angliýa ýaly ýurtlarda ýerleşýär. Sanawyň ilkinji onlugyny fransuz milli ylmy-barlag merkezi, Stenford uniwersiteti, Massaçusetts tehnologiýa instituty, Gelmgols adyndaky nemes ylmy-barlag merkezleri, Hytaý bilim we tehnologiýa uniwersiteti, Oksford uniwersiteti we Pekin uniwersiteti tamamlaýar.