Dün­ýä­niň ýe­di te­bi­gy tä­sin­li­gi­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Uly bar­ýer ri­fi dün­ýä­niň iň özü­ne çe­ki­ji sy­ýa­hat­çy­lyk no­kat­la­ry­nyň bi­ri­dir. Awst­ra­li­ýa­nyň Kwins­lend şta­ty­nyň gün­do­gar ke­nar­la­ryn­da­ky bu giň ekoul­gam 2900 km-den gow­rak ara­ly­gy öz içi­ne al­ýar. Ýu­waş um­ma­nyn­da­ky bu ri­fiň çä­gin­de 2900 mer­jen ga­ýa­ly­gy, 900 tö­we­re­gi ada bo­lup, ba­ly­gyň 1500-den gow­rak gör­nü­şi ýa­şa­ýar. Su­was­ty we beý­le­ki te­bi­gy tä­sin­lik­ler her ýyl­da 2 mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýär. Jan­ly or­ga­nizm­le­re baý bo­lan se­bit 1981-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Ri­fiň de­mir­ga­zyk bö­le­gin­dä­ki Keýp-Ýork ýa­ry­ma­da­sy­nyň ke­na­ryn­da­ky Kerns şä­he­ri has köp sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýär. Se­bä­bi bu ýe­ri ri­fe bar­mak üçin iň ýa­kyn no­kat ha­sap­lan­ýar. Şeý­le hem şä­her te­bi­gy tä­sin­lik­le­re to­ma­şa et­mek üçin de­mir ýol ul­ga­my hem-de Bo­ta­ni­ka bag­la­ry bi­len meş­hur­dyr. Ke­nar­ýa­ka­dan gü­nor­ta – ri­fiň or­ta­sy­na ta­rap gi­di­len­de, Touns­will şä­he­ri, Uit­sun­di, Ha­mil­ton ada­la­ry sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň köp bar­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu ýe­re de­ňiz ke­na­ry­na ýel­ken­li gä­mi­de ge­ze­lenç et­mek is­le­ýän­ler, su­wuň aşa­gyn­da­ky gö­zel­lik­le­re syn et­me­gi ha­la­ýan ja­han­keş­de­ler gel­ýär. Şeý­le hem sy­ýa­hat­çy­lar de­ňiz bi­len ada­la­ryň bir­leş­ýän ýe­ri­ni gu­şu­çar be­lent­lik­den syn­lap bil­ýär­ler. Uly bar­ýer ri­fi­niň çäk­le­rin­de en­de­mi­ki de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň hem on­lar­ça­sy bar. Ola­ryň ara­syn­da dýo­gin ýa­ly de­ňiz süý­dem­di­ri­ji­le­ri, pyş­ba­ga­lar we beý­le­ki jan­dar­lar bar.