He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 25 ýy­llyk to­ýu­na bar­ýan ýur­du­my­zyň her bir gü­ni toý­dur baý­ram­la­ra, hoş ha­bar­la­ra bes­len­ýär. BMG-niň Nýu-Ýork şä­he­rin­de ýer­le­şen baş eda­ra­syn­dan 2020-nji ýy­lyň 29-njy iýu­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 75-nji mej­li­si­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­ly­gy­na bi­ra­gyz­dan saý­la­nan­dy­gy ba­ra­da­ky hoş ha­bar hem ýur­du­my­zyň we hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­ta­nyň we mil­li Li­de­ri­mi­ziň dün­ýä­dä­ki uly ab­ra­ýy­ny na­za­ra alyp, Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi ýur­du­my­zy BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na al­tyn­jy ge­zek saý­la­dy. Bi­ziň buý­san­jy­my­zy art­dy­ran bu gu­wan­dy­ry­jy ha­bar ýur­du­my­zyň aý­dyň ýol­dan bar­ýan­dy­gy­ny we röw­şen gel­je­gi­niň has-da ösüş­li­di­gi­ni dün­ýä ýe­ne bir ge­zek aýan et­di.

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy döw­le­ti­mi­ze äh­li halk­lar üçin ada­lat­ly, pa­ra­hat we gül­läp ös­ýän gel­je­giň ha­ty­ra­sy­na dö­re­di­ji­lik­li tek­lip­le­ri öňe sür­ýän, el­my­da­ma göz­leg­dä­ki ynam­dar hyz­mat­daş hök­mün­de ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe bo­la­ly­myz bä­ri Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň öňe sü­ren tek­lip­le­ri­dir baş­lan­gyç­la­ry bo­ýun­ça on üç sa­ny Ka­rar­na­ma­ny ka­bul et­me­gi, Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mej­lis­le­ri­niň al­ty­sy­na wi­se-baş­lyk­ly­ga, bir­nä­çe sa­par Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň esa­sy ko­mi­tet­le­ri­niň we ko­mis­si­ýa­la­ry­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­tet­le­riň dü­zü­mi­ne, ge­ňeş ag­za­ly­gy­na saý­lan­ma­gy, ýur­du­myz­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän mas­la­hat­lar­dyr fo­rum­la­ryň bir­nä­çe­si­niň jem­leý­ji na­ma­la­ry­nyň BMG-niň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de ka­bul edi­lip, onuň res­mi dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­me­gi, Aş­ga­bat­da BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ýer­leş­di­ril­me­gi, bu iri hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň bir­nä­çe dü­zü­mi­niň ýur­du­myz­da ne­ti­je­li iş alyp bar­ma­gy şol ýo­ka­ry ynam­dan anyk my­sal­dyr. Milli Liderimiziň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň «2021-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip at­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi, bu aý­dan­la­ry­my­zyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Şeý­le hem, Türk­me­nis­tan 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2015-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ri­len 70-nji mej­li­sin­de kes­git­le­nen Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny (17 mak­sat, 169 we­zi­pe) ama­la aşyr­ma­ga hem öz my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar. Türk­me­nis­tan hä­zir­ki wagt­da 149 döw­let bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak bi­len, 50-ä go­laý hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň hem-de hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­ryň, şert­na­ma­lar­dyr beý­le­ki köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň 150-den gow­ra­gy­nyň ag­za­sy­dyr. El­bet­de, bu iş­le­riň äh­li­si­niň sa­ka­syn­da be­lent mertebeli Arkadagymyzyň bi­möç­ber zäh­me­ti, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li anyk iş­le­ri, şo­nuň ýa­ly-da Ga­raş­syz­ly­gy­myz bi­len go­şa ga­na­ta öw­rü­lip, şol iş­le­riň äh­mi­ýe­ti­ni bü­tin dün­ýä ýaý­ýan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz dur­ýar.
«Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» di­ýip my­na­syp at­lan­dy­ry­lan ýy­ly­my­zyň ba­har pas­ly­nyň daş-tö­we­re­gi gül-gü­lä­le­ge bes­län gün­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň esa­sy eda­ra­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­niň ýe­ne iki dü­zü­mi­ne – Dur­muş ösü­şi bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­sy­nyň ag­za­ly­gy­na 2021–2025-nji ýyl­lar döw­ri üçin we Ösü­şiň bäh­bi­di­ne Ylym we teh­ni­ka bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­nyň ag­za­ly­gy­na 2021–2024-nji ýyl­lar döw­ri üçin saý­la­nan­dy­gy ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň bar­ha ýo­ka­ry gö­te­ril­me­gi üçin yh­las­ly zäh­me­ti­ni gaý­gyr­ma­ýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sat­da ga­za­nan uly üs­tün­li­gi­dir. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Türk­me­nis­tan 2018-nji ýyl­da-da BMG-niň esa­sy dü­zü­mi bo­lup dur­ýan Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­ne 2019-2021-nji ýyl­lar döw­ri üçin ag­za­ly­ga saý­la­nyp­dy. Bu Ge­ňeş hal­ka­ra yk­dy­sa­dy we dur­muş me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak hem-de mas­la­hat­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak üçin mer­kez bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ge­ňe­şiň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça onuň ýö­ri­te ko­mis­si­ýa­la­ry iş­le­ýär. BMG-niň äh­li se­riş­de­le­ri­niň 70 gö­te­rim­den gow­ra­gy­ny öz yg­ty­ýa­ryn­da sak­la­ýan bu Ge­ňe­şiň eda­ra­la­ry­nyň dü­zü­mi­ne gir­ýän Dur­muş ösü­şi bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­sy dur­muş sy­ýa­sa­ty ul­ga­my­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak, bu ugur­da­ky esa­sy hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­ly iş­le­ri alyp bar­ýar. Bu ug­ra de­giş­li me­se­le­ler bo­ýun­ça tek­lip­le­ri we bi­ler­men­le­riň ne­ti­je­le­ri­ni ha­sa­ba al­ýar we ýaý­rad­ýar.
Türk­me­nis­tan öň hem 2014-2017-nji ýyl­lar döw­ri üçin Dur­muş ösü­şi bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­sy­nyň hem-de Ösü­şiň bäh­bi­di­ne Ylym we teh­ni­ka bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­sy­na 2014-2016-njy ýyl­lar döw­ri üçin ag­za­sy bo­lup­dy. Ýur­du­my­zyň EKO­SOS-yň dü­züm­le­ri­niň ha­ta­ry­na tä­ze­den saý­lan­ma­gy bu ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň yk­rar­na­ma­sy bol­mak bi­len bir­lik­de hormatly Prezidentimiziň pa­ra­hat­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ýo­ly bi­len bü­tin adam­za­dyň asu­da, ber­ka­rar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len alyp bar­ýan iş­le­ri­niň ne­ti­je­si­dir. Gahryman Arkadagymyzyň äh­li ugur­lar­da dur­mu­şa ge­çir­ýän ägirt uly iş­le­ri­ni wa­gyz-ün­dew ed­ýän iri jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de bu bi­zi diý­seň be­gen­dir­di, mu­ňa mähriban Prezidentimiziň alyp bar­ýan be­ýik sy­ýa­sa­ty­na ber­len ýo­ka­ry ba­ha di­ýip dü­şün­ýä­ris hem be­gen­ýä­ris.
Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň Ösü­şiň bäh­bi­di­ne Ylym we teh­ni­ka bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­sy Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­niň he­re­ket edi­ji ko­mis­si­ýa­sy bo­lup dur­ýar. Ol ut­gaş­dy­ry­jy mer­kez hök­mün­de Ge­ňe­şiň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir. Bu mer­kez yl­ma, teh­ni­ka, tä­ze­çil ýö­rel­ge­le­re, ola­ryň ösüş me­se­le­le­ri­ne, mö­hüm ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge hem pug­ta­lan­dyr­ma­ga ün­si güýç­len­dir­mek­den yba­rat­dyr. Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň no­bat­da­ky yk­rar­na­ma­sy­nyň yk­ba­ly­my­za şug­la sa­çan gün­le­rin­de He­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň ge­çen ýy­lyň özün­de bir­ba­da bu Ge­ňe­şiň Bü­tin­dün­ýä azyk mak­sat­na­ma­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Ge­ňe­şi­ne 2020-2022-nji ýyl­lar döw­ri üçin, ilat we ösüş bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­na 2020-2024-nji ýyl­lar döw­ri üçin, şeý­le hem Ne­şe se­riş­de­le­ri bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­nyň 2020-2023-nji ýyl­lar döw­ri üçin ag­za­ly­ga saý­la­nan­dy­gy­ny, mu­nuň bol­sa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sat­da ga­za­nan uly üs­tün­li­gi­di­gi­ni uly buý­sanç bi­len ýat­la­ýa­rys. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan BMG-niň baş­ga-­da bir­nä­çe ko­mis­si­ýa­sy­nyň, ko­mi­tet­le­ri­niň we Ge­ňeş­le­ri­niň ag­za­sy bo­lup dur­ýar, ola­ryň çäk­le­rin­de de­giş­li iş­le­ri ama­la aşyr­ýar.
Mäh­ri­ban Pre­zi­den­ti­mi­zi, ýur­du­my­zyň äh­li hal­ky­ny şu üs­tün­lik bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­rys! Bu iş­ler öz-özün­den bol­ma­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si­niň göz­ba­şyn­da Gahryman Arkadagymyzyň ýur­du­my­zy gül­le­dip ös­dü­rip, dün­ýä­niň iň bir öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­me­gi üçin, hal­ky­my­zyň ha­sam bag­ty­ýar, eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin alyp bar­ýan be­ýik iş­le­ri dur. Şo­nuň üçi­nem mähriban Prezidentimize äh­li hal­ky­myz bo­lup, şu bi­tir­ýän be­ýik iş­le­ri­ne özü­mi­ziň tü­ke­nik­siz al­kyş­la­ry­my­zy aýd­ýa­rys.
Goý, «Bi­ta­rap­lyk pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň, dur­nuk­ly ösü­şiň hem-de dost­luk­ly hyz­mat­daş­ly­gyň aý­dyň ýo­lu­dyr» di­ýip nyg­ta­ýan, ýa­kym­ly pur­sat­la­ra, hoş ha­bar­la­ra, aja­ýyp üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän ata Wa­ta­ny­my­zyň has-da gül­läp ös­me­gi üçin yh­las­ly zäh­met çek­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak, iş­le­ri ro­waç bol­sun!

Ju­ma­gül Ho­ja­ýe­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň
Da­şo­guz we­laýat bir­leş­me­si­niň pu­dak­lar boýun­ça ut­gaş­dy­ry­jy­sy, Türk­me­nis­ta­nyň
us­sat mu­gal­ly­my.