Biziň ýurdumyz Hazar sebitiniň we Merkezi Aziýanyň energetika bazarynda öňdebaryjylaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen, ýurdumyzyň nebit-gaz senagaty birsyhly ösüşe eýe bolýar. Täze önümçilik kuwwatlyklary gurulýar. Şonuň bilen birlikde, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna eksport etmegiň mümkinçilikleri artýar. Türkmenistan energetika ulgamynda däbe öwrülen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar.
Geçen ýyl Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygynyň başlanmagy hem-de «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisiniň işe girizilmegi bu ugurda uly ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Geçen ýylyň 13-nji dekabrynda gurulmagyna badalga berlen TOPH transkontinental energetika geçirijisi sebit möçberinde ähmiýetli waka öwrüldi. TOPH taslamasy dört döwletiň arasynda baglaşylan hökümetara ylalaşyklary esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň uzynlygy takmynan 1814 kilometre barabar bolup, biziň ýurdumyzyň çäklerinde 214 kilometr turba geçirijileri çekiler. Gaz geçirijisi Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň, Pakistanyň Kwetta we Multan şäherleriniň üstünden geçip, Hindistanyň Fazilka ilatly ýerine baryp ýeter. Häzirki döwürde “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni “Galkynyş” gaz käninden Owganystanyň serhedine çenli bolan aralykda umumy uzynlygy 214 kilometr gaz geçirijiniň türkmen böleginiň gurluşygyny alyp barýarlar.
Bu halkara gaz geçirijiniň maliýeleşdirilmegi hem-de ulanylmagy bilen baglanyşykly işlere «Türkmengaz» döwlet konserni ýolbaşçylyk edýär. Tebigy gazy çykarmak we sarp edijä ugratmak, turba geçirijileri gurmak boýunça 50 ýyldan gowrak tejribesi bolan bu konsern «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasyna biragyzdan ýolbaşçy saýlandy. TOPH-nyň ýolbaşçy komitetiniň 24-nji mejlisinde «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň agzalary tarapyndan Maýa goýum ylalaşygyna gol çekilipdi.
3-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Owganystanyň hem-de Pakistanyň çäklerinde Türkmenistan- Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň birinji tapgyryny maliýeleşdirmek üçin 45 milliondan gowrak dollar bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi. Şeýlelikde, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hindistanyň “Gail (India) Limited”, Pakistanyň “Inter state gas systems (Private) Limited”, Owganystanyň “Afghan Gas Enterprise”, “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýalaryň we “Galkynysh Pipeline Company” ýapyk paýdarlar jemgyýetleriniň arasynda baglaşylan maýa goýum ylalaşygyna laýyklykda, turba geçirijiniň gurluşygyna gönükdirilen ilkinji degişli maýa goýum serişdesini goýbermek hakynda çözgüt kabul edildi. Owganystanyň we Pakistanyň çäginde işlejek potratçy halkara bäsleşiginiň jemleri boýunça seçilip alnar.
Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bolar. Onuň ugrunda degişli düzümleriň gurluşygy hem alnyp barylýar. Ýerüsti düzümleri hem hasaba almak bilen, ony 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu döwletara gaz geçirijisiniň türkmen böleginde «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň hünärmenleri häzirki wagtda 1420 millimetr giňlikdäki turbalary goýmak we kebşirlemek işlerini alyp barýarlar.
Türkmen gazy Hindistanda we Pakistanda «mawy ýangyja» ösen islegi kanagatlandyrmaga ýardam eder. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy amala aşyrylandan soňra, Hindistan ilkinji transmilli gaz geçirijisine eýe bolar. Häzirki wagtda bu ýurt gazy suwuklandyrylan görnüşde satyn alyp, ony tankerler arkaly daşaýar. Bilermenler bu ýurtlarda gaza bolan islegiň 2030-njy ýyla çenli iki esse artmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Üstaşyr geçelge Owganystandaky energiýa serişdelerine bolan ýetmezçiligi peselder. Bangladeş döwleti hem bu taslama gyzyklanma bildirýär. Türkmenistan-Owganystan- Pakistan-Hindistan magistral gaz geçirijisiniň gurluşygyny we ulanylyşyny üpjün edýän “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasy uly işleri, şol sanda Dubaýdaky baş edarasynda taslama gatnaşmaga ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar we maliýe institutlary bilen gepleşikleri alyp barýar.
TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmäge gatnaşmaga meýilleri barada Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropa abatlaýyş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Saud ösüş gaznasynyň hem-de Ýaponiýanyň Hökümetiniň wekilleri beýan etdiler. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 20-21-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň VII Halkara gaz kongresiniň çäklerinde bu gaz geçirijiniň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmegiň hem-de oňa maýa goýumlary çekmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanylan “tegelek stol” geçirildi. Daşary ýurtly maýadarlaryň gatnaşmagynyň üç esasy ugurlaryna – taslamany turba önümleri we gaz enjamlary bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýan söwda ugry boýunça; maliýeleşdirmek ugry boýunça— karz serişdelerini bermek; geljekde maýadarlaryň Türkmenistanyň gury ýerdäki “Galkynyş” örän iri gaz känini özleşdirmäge goşulyşmagy hem-de “TAPI” konsorsiumyna gatnaşmagy bilen, maýa goýum ugry boýunça meselelere garaldy.
Sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi halklar üçin, geljekki nesiller üçin ähmiýetli iş bolup durýar. Täze gaz magistralynyň gurulmagy bilen goşmaça 12 müň iş orunlary dörär. Bu bolsa ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga oňyn şert döreder.
Ahmet BABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.