Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen 2015-nji ýylda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy” kabul edildi. Bu Oba milli maksatnamasynyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli sebitleriniň oba hojalygynda we agrosenagat toplumynyň pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak barada edýän bimöçber aladalarynyň netijesidir.
Obasenagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň örän möhüm pudagydyr, oňa hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak we eksporta iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynda aýratyn orun degişlidir. Munuň özi ýurdumyzyň sebitlerini senagat taýdan okgunly ösdürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge we tutuşlygyna döwletimiziň ykdysadyýetiniň, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumyny özgertmegiň toplumlaýyn maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça “Oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili ulgama öwürmek möhüm bolup durýar. Bu maksatlar üçin obasenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiliklerini herekete getirmekde täze, netijeli usullary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak zerurdyr” diýip belleýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, et we süýt önümçiligini, oba hojalyk ulgamynyň azyk we beýleki pudaklaryny ösdürmek ýaly wezipeler bar. Oba hojalygynyň dolandyrylyşyny hem-de düzümleýin özgerdilmegini kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak maksady bilen anyk çäreler görülýär. Daýhan birleşikleri, kärendeçiler we oba hojalyk önümlerini öndürijiler zerur bolan tehnika, dökün, tohum bilen üpjün edilýär. Ekerançylar üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlardyr ekiş gurallary we beýlekiler satyn alynýar, ulanyş möwritini geçiren oba hojalyk tehnikalary olary dikeltmäge meýilli daýhanlara we hususy telekeçilere muzdsuz berilýär.
Türkmenistanda obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamagyň bitewi ulgamy işlenip taýýarlanyldy we netijeli hereket edýär. Onuň esasy ugurlarynyň biri maýa goýmakdan ybaratdyr. Şol maýa goýumlar obasenagat toplumynyň hem-de hyzmat ediş pudaklarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, mineral dökünleri öndürmek boýunça zawodlary gurmaga gönükdirilýär. Ýerleri suwlandyrmaga we işläp bejermäge, öňdebaryjy serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga uly maliýe serişdeleri bölünip berilýär.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň oba senagat toplumy Diýarymyzyň bazarlaryny azyk bolçulygy bilen üpjün etmekde, oba ýaşaýjylarynyň durmuş hal-ýagdaýyny barha gowulandyrmakda hil taýdan täze sepgitlere çykýar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ykdysadyýetinde amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň aýdyň netijesidir.
Gözel Mätiýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
mugallymy.