Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleri hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça te­bi­ga­ty go­ra­mak hem-de te­bi­gy se­riş­de­ler­den re­je­li peý­da­lan­mak, ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek ug­run­da uly iş­ler ge­çi­ril­ýär, de­giş­li ka­nun­çy­lyk kä­mil­leş­di­ril­ýär. Türk­men te­bi­ga­ty­nyň aja­ýyp kün­jek­le­ri döw­let go­rag­ha­na çäk­le­rin­de yg­ty­bar­ly go­ral­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýurdumyz bu ul­gam­da se­bit hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk­da iş­jeň orun eýe­le­mek hem-de BMG-niň te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça yla­la­şyk­la­ry­ny tas­syk­la­mak bi­len, mö­hüm eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň oňyn çöz­gü­di­ne, öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne çyn­la­kaý hem-de jo­gap­kär­li çe­me­leş­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak hem-de bu ugur­da ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ul­ga­myn­da öň­de goý­lan mö­hüm we­zi­pe­le­ri çöz­mek bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň de­giş­li mi­nistr­lik­le­ri­niň hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň iş­le­ri­niň mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len Buý­ruk­la­ra gol çek­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da suw we ener­gi­ýa se­riş­de­le­rin­den re­je­li peý­da­lan­mak, çöl­leş­mä­ge we top­ra­gyň za­ýa­lan­ma­gy­na gar­şy gö­reş ba­ba­tyn­da top­lum­la­ýyn iş­ler ge­çi­ril­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Buý­ru­gy­na la­ýyk­lyk­da, bir­nä­çe de­giş­li res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­me­gi da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam be­rer. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça Mi­ha­el Zuk­kow gaz­na­sy­nyň (Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy) ara­syn­da “Çöl­ler bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa baş­lan­gy­jy (СADI) – Türk­me­nis­ta­nyň çöl­le­ri­ni go­rap sak­la­mak we dur­nuk­ly peý­da­lan­mak” at­ly tas­la­ma­ny bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça Yla­la­şy­ga üýt­get­me­le­ri gi­riz­mek ha­kyn­da­ky Tes­wir­na­ma hem bar.

Şeýle hem Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ösüş Mak­sat­na­ma­sy­nyň ara­syn­da­ky “Türk­me­nis­ta­nyň gu­rak se­bit­le­rin­de oba ho­ja­ly­gy bi­len meş­gul­lan­ýan ila­tyň ho­wa­nyň tä­si­ri bi­len bag­ly dur­muş-yk­dy­sa­dy ýag­daý­la­ry­nyň dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek” at­ly tas­la­ma bo­ýun­ça 2020-nji ýyl üçin Iş me­ýil­na­ma­sy, Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ösüş Mak­sat­na­ma­sy­nyň ara­syn­da­ky “Türk­me­nis­tan­da şä­her­le­riň dur­nuk­ly ös­dü­ri­li­şi: Aş­ga­bat­da we Awa­za­da ýa­şyl şä­her­le­riň top­lum­la­ýyn ös­dü­ri­li­şi” at­ly tas­la­ma bo­ýun­ça 2020-nji ýyl üçin Iş me­ýil­na­ma­sy, Türk­me­nis­ta­nyň Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ösüş Mak­sat­na­ma­sy­nyň ara­syn­da­ky “Türk­me­nis­tan­da suw ho­ja­ly­gy­ny dur­nuk­ly do­lan­dyr­mak üçin gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa we ener­gi­ýa­nyň ne­ti­je­li­li­gi” at­ly tas­la­ma bo­ýun­ça şu ýyl üçin Iş me­ýil­na­ma­sy we beý­le­ki­ler bar.
Bu res­mi­na­ma­lar Türk­me­nis­ta­nyň çöl­le­ri­niň bio­lo­gi­ýa dür­lü­li­gi­ni sak­la­ma­ga, öz­bo­luş­ly ho­wa şert­le­ri bo­lan we aja­ýyp ösüm­lik hem-de haý­wa­nat dün­ýä­si­ne eýe bo­lan Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň ekoul­ga­my­ny ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek üçin yl­my-teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry taý­ýar­la­ma­ga, bi­le­lik­dä­ki meý­dan iş­le­ri­ni ge­çir­mä­ge, bar bo­lan go­rag­ha­na­la­ryň iş­gär­le­ri­ni okat­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler açar. Ener­gi­ýa ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, dur­nuk­ly ulag, ýa­şyl teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň­den peý­da­la­nyl­ma­gy, şol san­da gur­lu­şyk­da ula­nyl­ma­gy, eko­lo­gi­ýa sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi, şeý­le hem ga­lyn­dy­la­ry do­lan­dyr­mak, ola­ry gaý­ta­dan iş­le­mek hem-de ga­lyn­dy çig mal­la­ry­ny peý­da­lan­mak ýa­ly ul­gam­lar­da mö­hüm we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi­ne ýar­dam be­rer. Şeý­le hem suw se­riş­de­le­ri­niň do­lan­dy­ryl­ma­gy­na, ener­gi­ýa we suw tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, ýer­ler­de ila­tyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na giň ýol açar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň eko­lo­gi­ýa dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň bar­ha iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­nyň se­bit we dün­ýä de­re­je­sin­de üp­jün edil­me­gin­de goş­ýan my­na­syp go­şan­dy bo­lup dur­ýar. Şol bir wagt­da, hal­ky­my­zyň dur­muş aba­dan­çy­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ril­ýän daş­ky gur­şa­wyň go­ra­gy­ny we te­bi­gy se­riş­de­le­ri­mi­ziň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­ny mak­sat edin­ýän hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry­ny ýo­la goý­ma­ga hem giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.

Esen­my­rat Şa­gu­ly­ýew,
Se­ýit­gu­ly Nur­na­za­row,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­lym­la­ry.