Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ry ön­dür­ýän EAV şe­re­ke­ti ýük­le­ri sal­gy­sy­na elt­mä­ge ni­ýet­le­nen tä­ze üýt­ge­şik we­lo­si­pe­di­ni ta­nyş­dyr­dy. “Pro­ject 1” at­ly elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän we­lo­si­pe­diň önüm­çi­li­gi ýo­la go­ýul­ma­dyk hem bol­sa, “DPDgroup UK” at­ly şe­re­ket ula­gyň tä­ze gör­nü­şi­ni sar­gyt et­di. “New Ter­ri­to­ry” fir­ma­sy bi­len bi­le­lik­de taý­ýar­la­nan we­lo­si­pe­diň di­zaý­ny üýt­ge­şik bo­lup, ol mo­to­sikl bi­len da­şal­ýan ýü­küň da­şal­ma­gyna niýetlenipdir. Dört ti­gir­li ulag ada­ty we­lo­si­ped ýa­ly do­lan­dy­ryl­ýar. Bel­li bir tiz­lik­de sür­mek üçin onuň elekt­rik­li mo­to­ry­ny iş­let­mä­ge ze­rur­lyk du­ýul­ma­ýar. We­lo­si­ped­le­re ni­ýet­lenen ýol­la­ra hem syg­ýan bu ula­ga is­len­dik zar­ýad be­riş no­ka­dyn­dan zar­ýad be­rip bol­ýar. Ula­gyň ýük gö­te­ri­ji­li­gi 150 kg ba­ra­bar bo­lup, onuň ba­ga­žyn­da 6 ga­pyr­ja­ga ni­ýet­le­nen bö­lüm bar.