Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len Ka­na­da­nyň ara­syn­da er­kin söw­da yla­la­şy­gy­na (SE­TA) gol çe­kil­di. Bu ugur­da­ky de­giş­li yla­la­şyk Brýus­sel şä­he­rin­de ÝB–Ka­na­da sam­mi­ti­niň çäk­le­rin­de ga­za­nyl­dy. Bu äh­mi­ýet­li yla­la­şy­ga Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy Do­nald Tus­kyň, Ýew­ro­ko­mis­si­ýa­nyň Baş­ly­gy Žan-Klod Ýun­ke­riň we Ka­na­da­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Jas­tin Trýu­do­nyň gat­naş­ma­gyn­da gol çe­kil­di.
Bu res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da ta­rap­la­ryň ara­syn­da­ky güm­rük paç­la­ry­nyň 99 gö­te­ri­mi ýa­ty­ry­lar. Ka­na­da bi­len Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mä­ge go­şant goş­jak bu yla­la­şy­gyň güý­je gir­me­gi üçin onuň bi­le­le­şi­giň dü­zü­min­dä­ki 27 döw­let bi­len bir ha­tar­da Ka­na­da­nyň hem-de Ýew­ro­par­la­men­tiň tas­syk­la­ma­gy ze­rur bo­lup dur­ýar.
– Şu gün Ýew­ro­pa üçin örän mö­hüm gün. SE­TA yla­la­şy­gy­na gol çe­kil­me­gi Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň er­kin söw­da mak­sat­la­ry­na yg­rar­ly bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Hä­zir­ki wagt­da şu ugur­da­ky ýe­ne-de 21 yla­la­şyk bo­ýun­ça gep­le­şik­ler ge­çir­ýä­ris – di­ýip, Ýew­ro­ko­mis­si­ýa­nyň Baş­ly­gy Žan-Klod Ýun­ker aýt­dy.
“Reu­ters” ha­bar­lar gul­lu­gy­nyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, er­kin söw­da yla­la­şy­gy yk­dy­sa­dy ösü­şiň ga­za­nyl­ma­gy­na hem-de tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­rer. SE­TA yla­la­şy­gy­nyň ta­rap­dar­la­ry­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, bu res­mi­na­ma Ka­na­da bi­len ÝB-niň ara­syn­da­ky söw­da möç­be­ri­ni 20 gö­te­rim art­dy­rar we her ýyl ÝB-niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne 12 mil­liard ýew­ro gir­de­ji ge­ti­rer. Ka­na­da­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne go­şan­dy bol­sa 12 mil­liard ka­nad dol­la­ry­na (9 mil­liard ABŞ-nyň dol­la­ry) deň bo­lar. SE­TA – Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len “G7” ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky il­kin­ji söw­da yla­la­şy­gy.