Şwe­si­ýa­nyň te­lea­ra­gat­na­şyk en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän «Ericsson» kom­pa­ni­ýa­sy 2017-nji ýyl­da­ky çyk­da­jy­la­ry­ny 7 mil­liard kro­na çen­li (1 mil­liard dol­lar) azalt­mak is­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa 5G we in­ter­net ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­ýän en­jam­la­ry ön­dür­mek üçin ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­gi do­wam et­dir­ýär. Bu ba­ra­da şereketiň baş mü­di­ri Hans West­berg gür­rüň ber­di.
Go­laý­da kom­pa­ni­ýa­nyň ma­li­ýe ýag­da­ýy­nyň ha­sa­ba­ty ge­çi­ril­di. Şo­ňa gö­rä, onuň şu ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­dä­ki gir­de­ji­si 1,5 mil­liard kro­na (182 mil­li­on dol­lar) deň bol­dy. Onuň gir­de­ji­si geçen ýyla garanyňda, bir­ne­me aza­lyp, onuň paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­sy hem 5,59 gö­te­rim pe­sel­di.
Şereketiň ma­li­ýe iş­le­ri bo­ýun­ça mü­di­ri Ýan Frik­ham­mar 2017-nji ýyl­da 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy üçin ýö­ri­te ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni bö­lüp be­rip, beý­le­ki ugur­la­ra gö­nük­di­ri­len ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­niň möç­be­ri­ni azalt­jak­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di.
“Ericsson AB” kom­pa­ni­ýa­sy 1876-njy ýyl­da Stok­golm­da esas­lan­dy­ryl­dy. Hä­zir­ki wagt­da ol te­lea­ra­gat­na­şyk en­jam­la­ry­ny ön­dür­mek­de dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy şe­re­ket­le­riň bi­ri­dir. 2016-njy ýyl­da­ky soň­ky mag­lu­ma­ta gö­rä, kom­pa­ni­ýa­da 116,5 müň adam iş­le­ýär.