Resmi sa­par­la­ryň taryhy äh­mi­ýe­ti

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutanlygynda Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn esas­da bol­şy ýa­ly, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we se­bit dü­züm­le­ri­niň ul­ga­myn­da giň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2018-nji ýyl­da Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na, Ku­weýt Döw­le­ti­ne, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na, ABŞ-a, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na ama­la aşy­ran sa­par­la­ry, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len mas­la­hat­la­ra gat­naş­ma­gy, ýur­du­my­za Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ha­san Ru­ha­ni­niň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň, Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mo­ham­med Aş­raf Ga­ni­niň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Soo­ron­baý Že­en­be­ko­wyň, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mo­nyň, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýe­wiň sa­par­la­ry mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
13-15-nji mart­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ku­weýt Döw­le­ti­ne we Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ne res­mi sa­pa­rla­ry bol­dy. Ku­weýt Döw­le­ti­ne sa­pa­ry Emi­riň – Şeýh Sa­bah Al-Ah­mad Al-Ja­ber Al-Sa­ba­hyň ça­gyr­ma­gy bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­dy. Türk­men Li­de­ri­niň Azi­ýa­nyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da­ky bu arap ýur­du­na sa­pa­ry soň­ky ýyl­lar­da däp bo­lan dost­luk hem-de öza­ra hor­mat goý­mak gat­na­şyk­la­ry­na esas­lan­ýan döw­le­ta­ra sy­ýa­sy gep­le­şik­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni has-da ber­kit­di.
27-nji mart­da Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len türk­men paý­tag­ty­na res­mi sa­par bi­len gel­en Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ha­san Ru­ha­ni­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Du­şu­şyk­la­ryň bar­şyn­da goň­şy ýurt­la­ryň Li­der­le­ri iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň dür­li ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­la­şyp, gel­je­gi has uly hyz­mat­daş­ly­gyň düýp­li ugur­la­ry­ny anyk­la­dy­lar hem-de se­bit we hal­ka­ra de­re­je­li mö­hüm me­se­le­le­re ga­ra­dy­lar.
2018-nji ýy­lyň 23-24-nji ap­re­lin­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na iki gün­lük döw­let sa­pa­ry bol­dy. Gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew ozal ga­za­ny­lan we uzak­ möh­let­le­ýin yla­la­şyk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň çäk­le­rin­de türk­men-öz­bek hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Gi­ňiş­le­ýin dü­züm­dä­ki gep­le­şik­ler ta­mam­la­nan­dan soň, iki­ta­rap­la­ýyn bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­di. Öz­bek paý­tag­tyn­da Aş­ga­bat se­ýil­gä­hi­niň açyl­ma­gy goň­şy ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­dy.
20-nji iýun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­da BMG ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len “2018 – 2028-nji ýyl­lar­da dur­nuk­ly ösüş üçin suw” at­ly He­re­ket­le­riň on ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan ýo­ka­ry de­re­je­li Hal­ka­ra mas­la­ha­ty­na gat­naş­dy. Şeý­le hem şol gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Du­şen­bä iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon, Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­ti­niň baş­tu­ta­ny Ab­dul­la Ab­dul­la hem-de Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mam­nun Hu­seýn bi­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di.
12-nji aw­gust­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ak­tau şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy, mil­li Li­de­ri­miz ol ýer­de Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň V sam­mi­ti­ne gat­naş­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ça­gyr­ma­gy bo­ýun­ça 2018-nji ýy­lyň 22-nji no­ýab­ryn­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň Türk­me­nis­ta­na res­mi sa­pa­ry bol­dy. Dost­luk we öza­ra dü­şü­niş­mek ýag­da­ýyn­da ge­çen gep­le­şik­ler wag­tyn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň, şeý­le hem hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de ar­ka­la­şyk­ly he­re­ket et­me­giň me­se­le­le­ri­niň tu­tuş top­lu­my bo­ýun­ça ne­ti­je­li pi­kir al­şyl­dy. Pre­zi­dent­ler me­se­le­le­riň giň top­lu­my bo­ýu­nça öza­ra dü­şü­niş­me­giň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny bel­le­di­ler.
Şu ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň DIM-niň we­ki­li­ýe­ti köp san­ly da­şa­ry ýurt sa­par­la­ry­ny ama­la aşyr­dy, olar Ýa­po­ni­ýa­da, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de we dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ryn­da bol­du­lar. Şol sa­par­la­ryň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len sy­ýa­sy ge­ňeş­me­ler döw­le­ta­ra gep­le­şik­le­riň ös­dü­ril­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­dy.