AZI­ÝA KU­BO­GY 1968 XVII Azi­ýa Ku­bo­gy­na ta­rap

Fut­bol bo­ýun­ça Azi­ýa Ku­bo­gy­nyň 4-nji­si 1968-nji ýy­lyň 10–19-njy ma­ýy ara­ly­gyn­da Eý­ran­da ge­çi­ril­ýär. Bu ge­zek çem­pio­na­ta 4 däl-de, 5 ýy­gyn­dy gat­na­şyp, olar hem edil öň­ki ýa­ryş­lar­da bol­şy ýa­ly, bi­ri-bi­ri bi­len öza­ra du­şu­şyk geçir­ýär. Du­şu­şyk­la­ryň äh­li­si-de Täh­ran­da­ky 30000 to­ma­şa­ça ni­ýet­le­nen “Am­ja­die” sta­dio­nyn­da oý­nal­ýar. Çem­pio­na­ta ýer eýe­si Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­sy bi­len bir ha­tar­da, Gün­ba­tar 1-nji saý­la­ma zo­la­gy­nyň ýe­ňi­ji­si, soň­ky çem­pi­on Ys­ra­ýyl, Gün­ba­tar 2-nji saý­la­ma zo­la­gyn­dan öňe saý­la­nan şol wagt­ky Bir­ma (hä­zir­ki Mýan­ma), Mer­ke­zi saý­la­ma zo­la­gyn­dan Gon­kong hem-de Gün­do­gar saý­la­ma zo­la­gy­nyň ýe­ňi­ji­si Hy­taý Taý­pe­ýi gat­naş­ýar. Olar­dan Eý­ran bi­len Bir­ma çem­pio­na­ta il­kin­ji ge­zek we­kil­çi­lik ed­ýär.
Çem­pio­nat­da oý­nan 4 du­şu­şy­gy­ny-da ýe­ňiş bi­len ta­mam­lan ýer eýe­le­ri Azi­ýa­nyň çem­pio­ny di­ýen ada my­na­syp bol­ýar. Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­sy il­kin­ji du­şu­şyk­da Gon­kon­gy Bah­za­di we Jab­ba­ri­niň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­ýär. Eý­ran­ly­lar 2-nji du­şu­şy­gyn­da-da Hy­taý Taý­pe­ýi­niň ýy­gyn­dy­sy­nyň to­run­dan jo­gap­syz 4 pök­gi gi­riz­ýär. Gol­la­ry Beh­za­di, Ka­la­ni, Ef­tek­ha­ri hem-de Far­za­mi öz at­la­ry­na ýaz­dyr­ýar. Ýer eýe­le­ri­niň 3-nji oý­ny Bir­ma­nyň ýy­gyn­dy­sy bi­len bo­lup, eý­ran­ly­lar 3-1 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram ed­ýär. Bu oýun­da-da Ka­la­ni, Eftek­ha­ri hem-de Beh­za­di ta­pa­wut­lan­ýar. Çem­pio­na­tyň iň soň­ky oý­nun­da-da Eý­ran Ys­ra­ýy­ly 2–1 (Beh­za­di 75, Ge­liçk­ha­ni 86 — Spi­gel 56) ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war edip, 4-nji çem­pio­na­tyň çem­pio­ny bol­ýar. Ýeň­liş­siz çem­pi­on­lyk ga­za­nan Eý­ran il­kin­ji ge­zek yk­ly­myň iň uly ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­ýär. Bu ola­ryň çem­pi­on­lyk­la­ry­nyň baş­lan­gy­jy bol­ýar. Çem­pio­nat­da 5 utuk top­lan Bir­ma 2-nji, 4 utuk­ly Ys­ra­ýyl 3-nji ýe­ri eýe­le­ýär. Çem­pio­nat­da oý­na­lan 10 du­şu­şyk­da 32 gol ge­çi­ril­ýär. Du­şu­şyk­la­ra 250 müň tö­we­re­gi jan­kö­ýer to­ma­şa ed­ýär. 20 fut­bol­çy ta­pa­wut­la­nyp, 4 gol ge­çi­ren eý­ran­ly Ho­ma­ýun Beh­za­di bi­len ys­ra­ýyl­ly Gio­ra Spi­gel hem-de Mo­şe Ro­ma­no ýa­ry­şyň iň ne­ti­je­li fut­bol­çy­la­ry bol­ýar.
Çem­pio­nat­da oý­na­lan du­şu­şyk­la­ryň ne­ti­je­le­ri: Eý­ran–Gon­kong: 2–0, Hy­taý Taý­pe­ýi–Bir­ma: 1–1, Gon­kong–Ys­ra­ýyl: 1–6, Eý­ran–Hy­taý Taý­pe­ýi: 4–0, Bir­ma–Ys­ra­ýyl: 1–0, Gon­kong–Hy­taý Taý­pe­ýi: 1–1, Bir­ma–Eý­ran: 1–3, Ys­ra­ýyl–Hy­taý Taý­pe­ýi: 4–1, Bir­ma–Gon­kong: 2–0, Eý­ran–Ys­ra­ýyl: 2–1.