Halkara derejesindäki töleg ulgamy hasaplanýan “MasterCard” Eýran Yslam Respublikasynda ilkinji gezek öz işine başlaýar. Bu barada ýurduň ýerli metbugaty habar berýär. Dünýäniň 210-dan gowrak döwletinde giňden ulanylýan bu töleg kart ulgamy Eýranyň poçta kompaniýasynyň düzüminde hem ulanylmaga başlanar. “IranPost” kompaniýasy bilen “MasterCard”-yň arasynda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, ýurduň raýatlary daşary ýurtlara gezelenje, halkara maslahatlara gidende bu ulgamdan peýdalanmaga mümkinçilik alarlar.
– Kartda 10 müň dollara çenli pul goýmaga mümkinçilik dörediler. Bu ugurdaky ähli işler Eýranyň Merkezi bankynyň düzgünleri esasynda amala aşyrylýar – diýlip, ýerli metbugatdaky habarlarda bellenip geçilýär.