Hal­ka­ra fut­bol fe­de­ra­si­ýa­lar bi­le­le­şi­gi­niň (FI­FA) Şweý­sa­ri­ýa­nyň Sýu­rih şä­he­rin­de mu­ze­ýi açyl­dy. Dün­ýä fut­bo­ly­nyň ta­ry­hy­na ba­gyş­la­nyp açy­lan mu­zeý eý­ýam­dan şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň we onuň myh­man­la­ry­nyň ara­syn­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. FI­FA-nyň ştab-kwar­ti­ra­sy ýer­leş­ýän Sýu­ri­he gel­ýän fut­bol jan­kö­ýer­le­ri bu mu­ze­ýe aý­la­nyp gör­me­gi öz­le­ri­ne bagt saý­ýar­lar.
8 gat­dan yba­rat bo­lan mu­zeý­de bir­nä­çe ser­gi za­ly, su­rat­lar bi­len be­ze­le­nen eks­po­zi­si­ýa­lar, ki­tap­ha­na, ka­fe we dü­kan ýer­leş­ýär. Mu­ze­ýiň kol­lek­si­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da bu gurama ag­za döw­let­le­riň fut­bol to­par­la­ry­nyň köý­nek­çe­le­ri, fut­bol bo­ýun­ça ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň ku­bok­la­ry, 1400 su­rat we 500 film bar.
Bu mu­zeý üçin 140 mil­li­on şweý­sar fran­ky (127 mil­li­on ýew­ro) sarp edil­di. Her ýyl bu ýe­re 300 mü­ňe go­laý ada­myň gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Mu­ze­ýiň pe­te­gi­niň ba­ha­sy uly ýaş­ly adam­lar üçin 24 frank (22 ýew­ro), ça­ga­lar üçin 14 frank (12 ýew­ro).