Ame­ri­kan žur­na­ly “For­bes” 2018-nji ýyl­da iň köp girdeji gazanan ýa­zy­jy­la­ryň sanawyny mä­lim et­di. On­da 11 ýa­zy­jy­nyň ady agzalýar. Reý­tin­giň ba­şy­ny ýyl­lyk ga­zan­jy 86 mil­li­on dol­la­ra deň bo­lan tril­ler­le­riň we de­tek­tiw­le­riň aw­to­ry, ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Jeýms Pat­ter­son eýeleýär. 2018-nji ýylda di­ňe ABŞ-da onuň 4,6 mil­li­on ki­ta­by sa­ty­lyp­dyr. Ýa­zy­jy soň­ky 20 ýy­lyň için­de eý­ýäm onun­jy ge­zek “For­bes”-iň reý­tin­gi­niň bi­rin­ji or­nu­ny eýe­le­ýär. Onuň iň meş­hur eseri aň­taý­jy Maýkl Ben­net ba­ra­da­ky ro­man­y hasaplanýar. 2018-nji ýy­lyň tom­sun­da onuň ABŞ-nyň 42-nji Pre­zi­den­ti Bill Klin­ton bi­len aw­tor­daş­lyk­da ýa­zan tä­ze ki­ta­by ne­şir edil­di. Hä­zire çenli bu ki­ta­byň 660 müň­den gowu­ra­gy sa­tyl­dy.
Sa­na­wyň ikin­ji or­nu­na geçen ýy­lyň do­wa­myn­da 54 mil­li­on ga­za­nan meş­hur bri­tan ýa­zy­jy­sy Jo­an Rou­ling mynasyp boldy. Bu ze­nan ýazyjy 2017-nji ýyl­da 95 mil­li­on dol­lar gir­de­ji­si bi­len reý­tin­giň ba­şy­ny çe­kip­di. 2018-nji ýylda onuň 2,9 mil­li­on ki­ta­by sa­tyl­dy. Şeý­le-de, ol sah­na­laş­dy­ry­lan eser­le­rin­den hem ep-es­li gir­de­ji al­dy.
Ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Sti­wen King 27 mil­li­on dol­lar gir­de­ji­si bi­len üçün­ji or­ny eýeledi. Onuň “Ol” ro­ma­ny­nyň ek­ran­laş­dy­ryl­ma­gy has oňat gir­de­ji ge­tir­di.
Sanawyň dör­dün­ji ornuny Jon Gri­şe­mi (21 mil­li­on dol­lar), bä­şin­ji ornuny bol­sa, Den Brauny we Jeff Kin­ni (her haý­sy 18,5 mil­li­on dol­lar) eýeledi.
Bä­şin­ji ýer iki adama berlensoň, olardan soňra ýe­din­ji orun gör­ke­zi­lip, on­da ame­ri­kan žur­na­lis­ti Maýkl Wulf (13 mil­li­on dol­lar) orun alyp­dyr. Giň­den ta­nal­ýan ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy No­ra Ro­berts bilen Da­nie­la Stil (her bi­ri 12 mil­li­on dol­lar) sanawyň sekizinji ornuna mynasyp boldular. Onun­jy ýeri deň ne­ti­je bi­len Rik Ri­or­dan we Eri­ka Leo­nard Jeýms (10,5 mil­li­on dol­lar) eýe­le­di­ler.