Fransiýanyň Premýer-ministri Eduar Filipp, üç ýyllyk premýerligini goýup, Gawra şäherine häkim saýlanandan soňra Fransiýada täze hökümet düzmäge girişildi. Şeýlelikde, Fransiýanyň täze Premýer-ministri wezipesine Žan Kasteks bellendi. Täze Ministrler Kabinetinde 16 ministr we 14 wise-ministr bar.
Žan-iw Le Drian täze hökümetde daşary işler ministri wezipesine täzeden bellendi. Ol 2017-nji ýyldan bäri ýurduň daşary syýasat edarasyna ýolbaşçylyk edýär. Le Drian Ministrler Kabinetiniň köne agzasy bolup, ondan öň, bäş ýyllap Bäşinji Respublikanyň goranmak ministri bolup işledi.
Soňky üç ýylda Fransiýanyň Goranmak ministrligine ýolbaşçylyk edip gelýän Florans Parli hem Ministrler Kabinetindäki işinde galdy. Žerald Darmanen döwlet hereket we döwlet maliýe ministri wezipesinden çekilip, içeri işler ministrliginiň başlygynyň wezipesine bellendi. Brýuno Le Mer hem Ykdysadyýet we maliýe ministri wezipesinde galdy.
Şol bir wagtyň özünde, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň wada berşi ýaly hökümetde gender deňligi hem saklandy. Frank Risteriň ornuna Roslin Başlo medeniýet ministri boldy. Nikol Bellubeniň ýerine fransuz aklawçysy Erik Dýupon-Moretti Fransiýanyň täze Adalat ministri boldy. Şeýle hem durnukly ösüş boýunça Parlament toparynyň başlygy Barbara Pompili ekologiýa ministri boldy.
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron täze Ministrler Kabinetiniň wezipesiniň esasan, fransuz ykdysadyýetiniň dikeldilmegi, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň sosial gurşawa eden täsiri bilen göreş, daşky gurşawy goramak, Ýewropanyň özygtyýarlylygyny goramak we fransuz medeniýetiniň ösüşi ýaly ugurlardan ybarat boljakdygyny aýtdy. Emmanuel Makron hökümetiň jikme-jik maksatnamasyny 14-nji iýulda Milli Parlamentiň aşaky palatasynda etjek çykyşynda mälim eder. Şol gün Bäşinji Respublikanyň milli baýramçylygy bolan Bastiliýa galasynyň alnan gününe gabat gelýär.