Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron wezipesinden aýrylan ýurduň premýer-ministri Eduard Filipiň ýerine Žan Kasteksi belledi. Tejribeli döwlet işgäri bolan Kasteks mundan ozal birnäçe hökümet edaralarynda zähmet çekdi. Eliza köşgünden berlen beýanata görä, Eduard Filipiň we hökümet agzalarynyň wezipesinden çekilmek baradaky arzasynyň kabul edilendigi we 55 ýaşly Kasteksiň bu wezipä bellenendigi mälim edildi. Şeýle hem, birnäçe günden täze hökümet agzalarynyň kesgitlenjekdigi habar berildi.