Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň in­ter­net to­run­da­ky öň­de­ba­ry­jy hem-de iri ha­bar be­riş bren­di “So­hu.com” ta­ra­pyn­dan dü­zü­len sa­naw­da Türk­me­nis­ta­nyň “Ga­ra­gum ýal­ky­my” ala­wy hem tä­sin­lik­le­riň ha­ta­ry­na go­şul­dy.
Bu agent­li­giň žur­na­list­le­ri Ýer şa­ryn­da­ky iň eg­zo­ti­ki hem-de tä­sin te­bi­gy land­şaft­la­ryň sa­na­wy­ny düz­di. Bu sa­na­wa Ýer şa­ry­nyň baş­ga hiç bir ýe­rin­de duş ge­lin­me­ýän te­bi­gy tä­sin­lik­ler go­şul­dy. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da bi­ziň gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň “Ga­ra­gum ýal­ky­my” at­ly tä­sin ala­wy hem bar. Ne­şi­riň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, soň­ky 5 ýy­lyň do­wa­myn­da bu tä­sin­li­gi syn­la­ma­ga dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­dan 50 müň­den go­w­rak sy­ýa­hat­çy­nyň ge­len­di­gi hem uly buý­sanç bi­len bel­le­nip ge­çil­ýär.
Bu sa­naw­da Pe­ru­nyň tä­sin dag­la­ry, Fi­lip­pin­le­riň ba­ýyr­lyk­la­ry, Bo­li­wi­ýa­nyň şor­luk ýe­ri hem-de Awst­ra­li­ýa­nyň gül­gün reňk­li der­ýa­sy ýa­ly en­çe­me te­bi­gy tä­sin­lik­ler bar.
Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň mer­ke­zin­dä­ki “Ga­ra­gum ýal­ky­my” ala­wy tä­sin­lik hök­mün­de yk­rar edil­di. Gum alaň­la­ry­nyň arasyn­da eme­le ge­len alaw, ja­han­keş­de­le­ri haý­ra­na goý­ýar. Bu ýe­riň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry, gök as­man we säh­ra­nyň öz-bo­luş­ly­ly­gy yn­san ru­hu­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ag­şam düş­me­gi bi­len tä­sin­li­giň ýo­ka­r­syn­da al öwüs­ýän öwüş­gin eme­le gel­ýär. Alaw bu tö­we­rek­le­re öz ýy­ly­ly­gy­ny eçil­ýär. Ag­şa­ma­ra bu tä­sin­li­gi syn­lan sy­ýa­hat­çy­la­ryň bu gör­nüş­le­re haý­ran gal­ma­gy tö­tän­den däl­dir. Ala­wyň öz­bo­luş­ly öwüş­gi­ni gün­ba­tar­da eme­le ge­len al­tyn­sow şa­pa­gyň şe­ki­li bi­len ut­ga­şyp gö­zel­lik dö­red­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da “Ga­ra­gum ýal­ky­my” ýer­li we da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň bir ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Gu­ýu­da ýan­ýan oduň ala­wy­nyň 10-15 metr be­lent­li­ge gal­ýan­dy­gy ony syn­la­ma­ga gel­ýän­ler­de örän tä­sin duý­gu­la­ry dö­red­ýär.
Te­bi­gy ýan­ýan ot Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty Aş­ga­bat­dan 270 ki­lo­metr daş­lyk­da, Ýer­bent oba­syn­dan, tak­my­nan, 90 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýär. Bu ýer­de türk­men alym­la­ry in­di 50 ýyl­dan bä­ri yl­my-göz­leg iş­le­ri­ni alyp bar­ýar­lar. 2013-nji ýyl­da türk­men hü­när­men­le­ri ka­na­da­ly kär­deş­le­ri bi­len bi­le­lik­de 500 de­re­je­dä­ki gyz­gyn­ly­ga çy­dam­ly ýö­ri­te en­jam­la­ry ula­nyp, kra­te­riň düý­bü­ne dü­şüp, yl­my-göz­leg iş­le­ri­ni ama­la aşyr­dy. Onuň düý­bün­den al­nan top­ra­gyň dü­zü­mi­ni öw­ren­mek ar­ka­ly ada­ty te­bi­gat­da ýa­şa­ma­ga ukyp­syz, di­ňe aý­ra­tyn şert­ler­de ýa­şa­ýan jan­ly bak­te­ri­ýa­la­ryň bar­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu ta­pyn­dy ast­ro­bio­lo­gi­ýa yl­my üçin örän wa­jyp­dyr. Gün ul­ga­myn­dan da­şar­da­ky pla­ne­ta­lar­da ýa­şa­mak üçin bar bo­lan şert­ler şu ýer­dä­ki gaz kra­te­ri­niň şert­le­ri­ne meň­zeş­dir.
Ýa­rym asyr­dan bä­ri sön­män ýa­nyp du­ran kra­ter dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de-de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Dün­ýä­niň köp san­ly in­ter­net ne­şir­le­rin­de bu ba­ra­da ma­ka­la­lar çap edil­di. Ga­ly­ber­se-de, dünýäde baryp görülmegi mas­la­hat be­ril­ýän esa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ta­ry­hy äh­mi­ýet­li iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän­di­gi, ata Wa­ta­ny­my­zy ro­waç­lyk­la­ryň me­ka­ny­na öwür­ýän­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze al­kyş söz­le­ri­ni aýd­ýa­rys! Goý, Tä­ze ýyl rys­gal­ly, be­re­ket­li, döw­let­li we dü­şüm­li ýyl bol­sun! Hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak, il-ýurt bäh­bit­li tu­tum­ly iş­le­ri ro­waç bol­sun!

Bagtyýar DERÝAGULYÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň talyby.