Bel­li bir be­lent­lik­den beýik jaý­la­ra gök­di­rän di­ýil­ýär. Eý­sem, il­kin­ji gök­di­rän­ler ha­çan peý­da bol­du­ka?! Il­kin­ji be­lent bi­na­la­ry pi­ra­mi­da­lar ha­sap­la­mak bolar. Pi­ra­mi­da diý­len­de, il­ki bi­len Mü­sür göz öňü­ňe gel­ýär. Pi­ra­mi­da diý­lip, dört sa­ny üç­burç­luk­dan hem-de bir sa­ny dört­burç­luk­dan eme­le ge­len şe­ki­le hem aý­dyl­ýar. Bi­na­gär­lik­de bol­sa, aşa­gy dört­burç­luk şe­kil­li hem-de dört sa­ny üç­burç­lu­gyň ýo­kar­ly­gy­na çü­re­lip git­me­gi ne­ti­je­sin­de bir no­kat­da bi­rig­ýän des­ga­la­ry­na pi­ra­mi­da di­ýil­ýär. Pi­ra­mi­da sö­zi grek­çe­dä­ki “ot” diý­me­gi aň­lad­ýan “pi­ro” hem-de “mer­kez­de” ma­ny­sy­ny ber­ýän “amid” söz­le­rin­den eme­le ge­lip, “mer­kez­dä­ki ot” diý­me­gi aň­lad­ýar. Pi­ra­mi­da­la­ryň Ýe­riň mer­ke­zin­de gu­rlan­dy­gy aý­dyl­ýar. Ha­ky­kat­dan hem, dün­ýä­niň kar­ta­sy­na se­ret­se­ňiz, Mü­sü­riň or­ta­da ýer­leş­ýän­di­gi­ni gö­rer­si­ňiz! Emma pi­ra­mi­da­lar di­ňe Mü­sür­de däl, eý­sem, dün­ýä­niň beý­le­ki ýer­le­rin­de hem gur­lupdyr. Iň köp pi­ra­mi­da Su­dan­da bina edilipdir. Mü­sü­riň goň­şu­sy bo­lan bu ýurt­da 255 pi­ra­mi­da bar. El­bet­de, bu ýurt­da­ky pi­ra­mi­da­lar Mü­sür­dä­ki ýa­ly uly däl. Mü­sü­riň çar künjeginde dür­li ha­sap­la­ma­la­ra gö­rä, 118-den 138-e çenli pi­ra­mi­da bar. Ola­ryň 80 sa­ny­sy go­wy sak­la­nyp­dyr. Ta­ryh­da dö­re­di­len iň uly pi­ra­mi­da bol­sa, Mek­si­ka­nyň paý­tag­ty Me­hi­ko­da bi­na edi­lip­dir. As­tek­ler döw­rün­de gur­lan uly Ço­lu­la pi­ra­mi­da­sy­ Mü­sür­dä­ki iň uly pi­ra­mi­da bol­an Gi­za­dan dört es­se uly bo­lup­dyr. Bir de­pä­niň aşa­gyn­da gö­ml­üp ga­lan­dy­gy se­bäp­li, ol 1900-nji ýyllara çen­li bel­li bol­man­dyr. Hä­zir­ki wagt­da onuň sak­la­nyp ga­lan bö­le­gi­niň be­lent­li­gi 60 met­re go­laý bo­lup, aşa­gy­nyň öl­çe­gi 450×450 met­re ba­ra­bardyr.

Tä­sin­lik­le­re baý gadymy binalar

Dün­ýä­niň ýe­di tä­sin­li­gi­niň sa­na­wy­na gir­ýän Mü­sür pi­ra­mi­da­la­ry mi­la­dy­dan ozal 2560-njy ýyl­lar­da gur­lup­dyr. Äpet daş­lar­dan gur­lan esa­sy üç pi­ra­mi­da we onuň ýa­na­şyk ýer­le­rin­dä­ki heý­kel­dir beý­le­ki ta­ry­hy bi­na­la­ry gör­mä­ge müň­ler­çe adam bar­ýar. Pi­ra­mi­da­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da peý­da­la­ny­lan daş­la­ryň ni­re­den ge­ti­ri­len­di­gi we nä­dip ýo­ka­ry çy­ka­ry­lan­dy­gy ba­ra­da anyk mag­lu­mat bol­man, ony anyk­la­mak üçin hä­zir­ki wagt­da hem yl­my iş­ler ge­çi­ril­ýär. Be­lent­li­gi 140 metr tö­we­re­gi bo­lan bi­na­lar 3800 ýyl­lap adam eli bi­len dö­re­di­len iň uly des­ga bol­ma­gyn­da ga­lyp­dyr. Şu ýy­lyň tom­sun­da bol­sa Mü­sü­riň paý­tag­ty Kair­den 40 ki­lo­metr çe­me­si uzak­da ýer­leş­ýän Daş­hur­da­ky or­ta bi­lin­den eg­ri bo­lan pi­ra­mi­da gaý­ta­dan öz myh­man­la­ry­ny ka­bul edip baş­la­dy. Bu des­ga 1965-nji ýyl­da ýa­py­lyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da myh­man­lar
4 600 ýyl­lyk bi­na­nyň için­dä­ki iki ota­ga gi­rip bil­ýär­ler. Ol ýe­re bar­mak üçin 79 metr­lik dä­liz­den geç­me­li. Des­ga­nyň or­ta bi­lin­den ýo­kar­sy has egik bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

Pi­ra­mi­da­la­ryň gör­nüş­le­ri

Ýo­kar­da ag­za­lan ýurt­lar bi­len bir ha­tar­da Ita­li­ýa, Is­pa­ni­ýa, Gre­si­ýa, Gon­du­ras, Hy­taý we Pe­ru ýa­ly ýurt­lar­da hem dür­li şe­kil­li pi­ra­mi­da­lar bar. Şeý­le hem kä­bir ýurt­lar­da pi­ra­mi­da şe­kil­li de­pe­ler hem bar. Soň­ky ýyl­lar­da pi­ra­mi­da şe­kil­li döw­re­bap bi­na­la­ryň ýüz­ler­çe­si gu­rul­dy. Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž­dä­ki Luwr mu­ze­ýi­niň gi­rel­ge­si, De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­nyň paý­tag­ty Phen­ýan­da­ky Rýug­ýon myh­man­ha­na­sy, Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty Nur-Sul­tan­da­ky Pa­ra­hat­çy­lyk we ag­zy­bir­lik köş­gi, ABŞ-nyň Long Biç şä­he­rin­dä­ki ady­bir uni­wer­si­teti­niň sta­dio­ny, ABŞ-nyň Las-We­gas şä­he­rin­dä­ki “Luxor Las Vegas” myh­man­ha­na­sy, Ta­tarys­ta­nyň paý­tag­ty Ka­zan­da­ky dynç-alyş mer­ke­zi pi­ra­mi­da şe­kil­li meş­hur döw­re­bap bi­na­lar ha­sap­lan­ýar.