“Samsung”-yň orta derejeli “Galaxy A71” telefonynyň 5G aýratynlygy bolan görnüşi satuwa çykaryldy. Koreý kompaniýasy internet aragatnaşygynyň 5-nji neslini orta derejeli telefonlaryna ornaşdyryp başlady. Smartfon, amerikan bazarynda 599 dollardan müşderilere hödürlendi. Telefonyň amerikan bazaryna niýetlenen görnüşinde “Snapdragon 765G” çipseti oturdylypdyr. Global bazara niýetlenen görnüşinde “Samsung”-yň öz önümi bolan “Exynos 980” çipsetiniň oturdylmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, bu smartfonyň bahasy 500 dollar bolar. Kompaniýalar 5G telefonlaryny öndürýän hem bolsa, häzire çenli aragatnaşygyň täze nesliniň infrastrukturasy diňe käbir ýurtlaryň iri şäherlerinde ornaşdyryldy. Şol sebäpli kompaniýalar bu önümlerini diňe belli bazarlara hödürleýärler.