Tehnologiýa biziň işimizi hemme ugurda diýen ýaly ýeňilleşdirýär. Gap-gaç ýuwujy enjamlar hem öý bikeleriniň işini aňsatlaşdyrýar. Emma iki-üç sany tabak üçin ony işledeniňe degenok. Sebäbi gap-çanaklar az bolsa, ol hem suwy, hem togy, hem-de arassalaýjy serişdäni isrip edýär. Hünärmenler az mukdardaky gap-çanagy ýuwmak üçin bugly ýuwujy (“Vapure Steam Washer”) atly enjamy oýlap tapdylar. Bu enjam suwy we wagtyňy tygşytlamaga ýardam eder. Örän kiçi bolan bu enjam islendik ýere berkidilip bilinýär. Şeýle hem onuň bilen ýuwlanda, tabaklary guratmak hem hökman däl. Gyzgyn bug bilen ýuwýanlygy sebäpli bakteriýalary hem ýok edýär. Bu enjam arkaly bulgur, çüýşe, çäýnek we şuňa meňzeş içi çuň gaplary hem aňsatlyk bilen ýuwup bolýar. Onuň suw gabynyň göwrümi bary-ýogy 800 ml. Enjam bilen ep-esli aşhana gaplaryny ýuwmak üçin ujypsyzja suw ýeterlik. Täze enjamyň bahasy we haçan satuwa çykjakdygy mälim edilmedi.