Norwegiýany, Daniýany we Polşany birleşdirjek “Baltic Pipe” gaz geçirijisiniň gurluşygy ýakyn günlerde başlanar. Bu barada Polşanyň Prezidenti Anjeý Duda habar berdi.
– Bu diňe bir ýakyn geljek üçin däl, eýsem, geljekki onýyllyklar üçin hem Polşa üçin diýseň oňat habar. “Baltic Pipe” gaz geçirijisi ilki Norwegiýanyň kenar ýakalaryndan Daniýa, soňra bolsa Polşanyň kenarlaryna – Tşensaça gelip ýeter. Munuň diňe bir Polşa-Norwegiýa-Daniýa taslamasy bolman, eýsem, tutuş Ýewropa ykdysadyýeti, Ýewropa Bileleşiginiň energiýa özygtyýarlylygy üçin möhüm bir taslamadygyna şübhelenmeýäris – diýip Polşanyň Prezidenti Anjeý Duda belledi.
Italiýanyň “Saipem” konserni gaz geçirijisiniň deňizdäki gurluşygy üçin potratçy bolar. Italýan kompaniýasynyň wekilleri gurluşyk işlerine ýakyn günlerde girişiljekdigini mälim etdiler.
Bellenilişine görä, Polşanyň gaz geçiriji ulgam operatory “Gaz-System”-iň “Saipem” bilen baglaşan şertnamasy diňe bir turbalary daşamak we olary Baltika deňziniň düýbünden geçirmek bilen çäklenmän, eýsem, Polşanyň we Daniýanyň kenarlarynda mikrotunnel we beýleki gurluşyk işlerini hem göz öňünde tutýar. Şertnamanyň bahasy 280 million ýewro, “Baltic Pipe”-niň gurluşyk taslamasynyň umumy bahasy 1,5 milliard ýewro.
“Baltic Pipe” – Demirgazyk deňzinde Daniýa arkaly Polşa bilen Norwegiýanyň kenarlaryndaky ýataklary birleşdirmeli gaz geçiriji taslamasydyr. Taslama üç tapgyry öz içine alýar: Norwegiýanyň we Daniýanyň gaz geçiriji ulgamlaryny birleşdirmek, Daniýanyň infrastrukturasyny giňeltmek, şeýle hem, Baltika deňziniň asty arkaly Polşa bilen Daniýany birleşdirjek “Baltic Pipe” gaz geçirijisini gurmak.
Maglumatlara görä, “Baltic Pipe” gaz geçirijisiniň işe girizilmegi 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda meýilleşdirilip, ýylda 10 milliard kub metr gaz akdyrylmagyna garaşylýar.