Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy 2016-njy ýylda daşary ýurtlara 180 milliard kubometr tebigy gaz satdy. Bu görkeziji kompaniýanyň şu wagta çenli gazanan iň uly üstünligidir – diýip, “Gazmpronyň” ýolbaşçysy Alekseý Miller habar berdi.
“Gazprom” ýylyň başynda şu ýylky eksportunyň 166-170 milliard kubometre deň boljakdygyny çaklaýardy. 2015-nji ýylda kompaniýa tarapyndan 158,56 milliard kubometr tebigy gaz daşary ýurt bazaryna iberildi.
Şeýlelikde, tutuş Russiýa Federasiýasynyň tebigy gaz eksporty 202,3 milliard kubometre deň bolar. 2016-njy ýylda bu görkeziji 10 milliard kubometr köp boldy. Russiýada tebigy gazyň öndürilişi 637 milliard kubometre barabar boldy.
Mundan başga-da, ýurtda nebit önümçiliginde-de oňat netijeler gazanyldy. 2016-njy ýylda onuň önümçiligi 547,5 million tonna barabar boldy. Geçen ýyla garanyňda, bu ugurda 2,5 göterim ösüş gazanyldy. 2015-nji ýylda tutuş ýurt möçberinde 534 million tonna nebit çykarylypdy.