Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, dünýäniň dürli döwletleri hem-de iri halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän guramalarynyň biri hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygydyr. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerindäki däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarly bolup durýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan we köpasyrlyk sebitara hem-de halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini, oňa täze itergi bermegi esasy ugur edinýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlaryna laýyk gelýär.
Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işine işjeň gatnaşýar. Golaýda bu guramanyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde mejlisi geçirildi. Oňa biziň ýurdumyz hem gatnaşdy. Şol mejlisiň gün tertibine GDA-nyň işiniň esasy ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň GDA-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy-Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedewiň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiniň dowamynda häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, Arkalaşygyň çäklerindäki sebit we halkara meseleleriň we hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy, hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn hukuk binýadyna garaldy.
Duşuşygyň gün tertibine dürli pudaklardaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalary hödürlenildi. Hususan-da, GDA-nyň çäklerinde 2019-njy ýyl üçin Daşary işler ministrlikleriniň köptapgyrly geňeşmeleriniň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de 2020-nji ýyl üçin şeýle Meýilnamany tassyklamak baradaky meselä garaldy.
GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň bu gezekki mejlisiniň gün tertibine ýene-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi. Şolar Arkalaşygyň ýokary edaralarynyň garamagyna hödürlener. Şunda duşuşyga gatnaşyjylar ykdysadyýet, energetika, ynsanperwerlik ulgamlarynda, şol sanda ylym we bilim, ýaşlar syýasaty, şeýle hem halk hojalygynyň esasy pudaklary üçin innowasiýalary we öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak hem-de ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar. Şeýle hem Arkalaşygyň döwletleriniň medeni ulgamda däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidikleri mälim edildi. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine 2022-nji ýylda “Arkalaşygyň medeni paýtagty” Döwletara maksatnamasyny durmuşa geçirmek meselesi girizildi.
Şeýle hem mejlisde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň 2021-2030-njy ýyllar üçin bedenterbiýe we sport babatynda hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň Strategiýasynyň taslamasy hakyndaky meselelere garaldy. Ol Arkalaşygyň çäklerinde ugurdaş düzümleriň arasyndaky özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge gönükdirilendir.
Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara, şol sanda “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde 2019-njy ýyl üçin Daşary işler ministrlikleriniň köptapgyrly geňeşmeleriniň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de 2020-nji ýyl üçin Meýilnamasy hakynda”, “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň 2021 – 2030-njy ýyllar üçin bedenterbiýe we sport babatynda hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň Strategiýasy hakynda”, “Arkalaşygyň medeni paýtagty” Döwletara maksatnamasynyň 2022-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynda (Karakol ş.) amala aşyrylmagy hakynda” Çözgütlere gol çekildi.
Maksat DETDOWOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-
tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.