Germaniýada 9 asyrdan gowurak wagtdan bäri dowam edip gelýän daş kömrüni çykarmak işi bes edildi. Kömür polat ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň döremeginiň esasy sebäbi boldy. Geçen ýylyň ahyrlap barýan günlerinde Germaniýada ýangyjyň bu görnüşiniň gazylyp alynmagynyň taryhy tamamlandy.
Ýurduň Rursk sebitinde ozalky şahtaçylaryň şäherçesi bolan Botropdaky iň soňky şahta ýapyldy. Mundan beýläk kömür daşyndan getiriler. 2017-nji ýylda Germaniýa 51,4 million tonna daş kömrüni import etdi. Kömür import etmek boýunça nemes bileleşiginiň maglumatlaryna görä, Russiýadan import edilýän kömrüň paýy 38% töweregidir. Germaniýa mundan beýläk, energiýanyň beýleki görnüşlerini ulanmaga bil baglaýar.
Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer ýurtda kömrüň gazylyp alynmagynyň tutuş döwrüniň tamamlamagyna gynanýandygyny mälim etdi. Rursk käni 1863-nji ýylda açyldy. Şol döwürde onda 315 işçi zähmet çekýärdi. Şahtanyň ýokary depgin bilen işlän döwründe ol ýerde 4 müň şahtaçy bolup, ýylda 4 million tonnadan gowurak kömür çykarylýardy. Şahtanyň ýapylmagy mynasybetli geçirilen dabara Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žan-Klod Ýunker hem gatnaşdy.
Soňky ýyllarda Germaniýada daş kömür senagaty bäsdeşlik güýjüni ýitirdi. Dünýä bazarynyň nyrhlary bilen bäsdeşlik etmegi üçin her ýyl 1 milliard ýewro möçberinde pul kömegi berilýärdi. Döwlet we welaýat häkimiýetleri 1996-njy ýyldan bäri kömür gazyp alýan kärhanalara 61 milliard ýewro möçberinde maliýe kömegini berdi. 2007-nji ýylda ýurduň hökümeti bilen kömür senagatynyň kärdeşler arkalaşygy bilen daş kömrüni gazyp almak işini bes etmek babatda ylalaşyk gazanylypdy. Şondan soň, kömür ýataklary kem-kemden ýapylyp ugrady.
Umuman, Ýewropa ýurtlarynda kömrüň gazylyp alynmagy düşewüntsiz hasaplanýar. Şonuň üçin Belgiýada iň soňky şahta 1992-nji ýylda, Fransiýada 2004-nji ýylda, Beýik Britaniýada bolsa, 2015-nji ýylda ýapylypdy. Bu ýurtlar ýangyjyň bu görnüşiniň önümçiligini howanyň üýtgemeginiň öňüni almak üçin bes etdiler.