Giethoorn obasy Italiýanyň Wenesiýa şäherine meňzedilýär. Gollandiýanyň Oweriýssel welaýatynyň Steenwiýkerland şäheriniň golaýynda ýerleşýän bu obanyň daş-töweregi suw kanallary bilen gurşalandygy üçin bu ýere Gollandiýanyň Wenesiýasy ýa-da Kiçi Wenesiýa diýilýär. 2600-den gowrak ilatyň ýaşaýan obasyna adaty ulaglar bilen barmak mümkin däl. Bu ýere diňe gaýyklar ýa-da welosipedler bilen barmak bolýar. Obada häzirki wagtda ähli transport aragatnaşygy gaýyklaryň ýa-da welosipedleriň üsti bilen amala aşyrylýar. Daş-töweregi kanallar, köller, özboluşly kiçeňräk köprüler hem-de ekerançylyk adajyklary bilen gurşalan bu oba her ýyl ýüz müňlerçe syýahatçy gelýär. Aýratynam soňky ýyllarda aziýaly, esasan hem hytaýly jahankeşdeler bu täsin ýere köp syýahat edýärler. Her ýyl bu ýere azyndan 200 müň töweregi hytaýly jahankeşde gelýär.
XIII asyrda düýbi tutulan bu obanyň ilaty Orta asyrlarda balykçylyk, maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. Bu oba 1958-nji ýylda dünýäde meşhurlyk gazanyp başlaýar. Şol ýyl bu obada gollandiýaly kinoçy Bert Haanstra “Fanfare” atly komediýa filmini surata düşürmegi oba meşhurlyk getirýär. Obada häzirki wagtda 150-den gowrak ululy-kiçili köpri bolup, onuň çäginde tebigy Gieterse köli hem bar.