Ýa­zy­jy ze­nan Leý­le Sli­ma­ni Fran­si­ýa­nyň ede­bi­ýat ug­run­dan be­ril­ýän iň uly baý­ra­gy – “Gon­kur” baý­ra­gy­na eýe bol­dy. Bu baý­rak “Süý­ji aý­dym” at­ly ki­ta­by üçin gow­şu­ryl­dy. 35 ýaş­ly ýa­zy­jy ze­nan ge­lip çy­ky­şy bo­ýun­ça ma­rok­ka­ly bo­lup, fran­suz­ça ýaz­ýar. Onuň ga­la­myn­dan çy­kan ikin­ji ro­ma­ny­nyň di­li we maz­mu­ny emin ag­za­la­ry­nyň ün­sü­ni has-da özü­ne çe­kip, olar Sli­ma­ni­ni üç da­laş­gä­riň ara­syn­dan saý­lap al­dy­lar.
“Gon­kur” baý­ra­gy 1903-nji ýyl­da esas­lan­dy­ryl­dy we 10 ýew­ro baý­ra­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu uly bolmadyk baý­ra­ga eýe bol­mak ne­şir­ýat­lar­da uly ti­raž bi­len eser­le­ri­ňi çy­kar­ma­ga we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de ma­ha­ba­ty­ňy ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip, kitabyň has köp sa­tyl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Ge­çen ýyl bu ab­raý­ly baý­ra­ga 43 ýaş­ly fran­suz ýa­zy­jy­sy Ma­ti­as Ena­ryň “Kom­pas” at­ly ro­ma­ny my­na­syp bo­lup­dy.