«Google Inc.» we «Alphabet» kompaniýasynyň baş direktory Sundar Piçai Hindistany 5-7 ýylyň içinde sanlylaşdyrmaga gönükdirilen esasy maýa goýumlary barada mälim etdi.
– Şu gün men «Google»-niň Hindistan üçin Sanly ösüş gaznasyny döredýändigi barada hoşallyk bilen habar berýärin. Bu tagallalaryň netijesinde, indiki 5-7 ýylyň içinde Hindistana takmynan, 10 milliard dollar maýa goýarys. Bu Hindistanyň geljegine we sanly ykdysadyýetine bolan ynamymyzyň beýanydyr – diýip, Sundar Piçai «Google»-niň Hindistanyň Elektron we maglumat tehnologiýalary ministrligi bilen hyzmatdaşlykda geçiren altynjy ýygnagynda aýtdy.
Sundar Piçai Hindistany sanlylaşdyrmak üçin maýa goýmak baradaky beýanyndan öň, Premýer-ministr Narendra Modi bilen wideo konferensiýa arkaly gepleşik geçirdi. Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi «Google»-niň meseleleriň giň toplumy boýunça, hususan-da, hindi fermerleriniň, ýaşlarynyň we telekeçileriniň durmuşyny özgertmek maksady bilen tehnologiýalary ulanmak babatda netijeli özara gatnaşyklary ösdürýändigini belläp geçdi. Narendra Modi «Google»-niň Hindistanda bilim, okuw, sanlylaşdyrma pudaklary, sanly tölegleri ilerletmek we başgalar boýunça edýän tagallalaryndan hoşaldygyny aýtdy.