Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dür­li ugur­lar­dan ýa­zy­lan eser­le­ri her bir oky­jy­nyň ýan ki­ta­by­na öw­rül­di. Ol ki­tap­lar­da dur­mu­şyň äh­li ta­rap­la­ry ba­bat­da yl­my, pel­se­pe­wi nuk­daý­na­zar­dan gür­rüň edil­ýär. Ki­tap­la­ry okan dür­li kär­dä­ki oky­jy­lar on­dan özü­ne ge­rek­li mag­lu­mat­la­ry su­sup al­ýar­lar.
Bel­ki, kä­ri­mi­ziň luk­man­çy­lyk bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lan­ly­gyn­dan­dyr, hormatly Prezidentimiziň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li ki­tap­la­ry bi­ziň iň ýa­kyn mas­la­hat­çy­myz. Bu ki­tap­lar öý­de-de, iş­de-de her za­man bi­ziň el­ýe­te­ri­miz­de. Ki­tap­lar­da­ky her bir ösüm­li­ge de­giş­li mag­lu­mat­la­ryň yl­my nuk­daý­na­zar­lyk de­re­je­si bo­ýun­ça-da, ola­ryň halk luk­man­çy­ly­gyn­da­ky or­ny ba­bat­da-da äh­li kär­dä­ki adam­la­ryň hem aň­ýe­ter de­re­je­sin­de bol­ma­gy bu köp jilt­li işi has-da il­ha­lar ed­ýär.
El­bet­de, äh­li kär­dä­ki adam­lar ýa­ly, luk­man­çy­ly­ga özü­niň yk­ba­ly­ny bag­la­n adam­lar hem di­ňe öz­le­ri­niň kär­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly eser­le­ri däl, eý­sem, dür­li çe­per eser­le­ri oka­ma­gy hem ha­la­ýar­lar. Çe­per eser dur­mu­şyň her bir ug­ry bo­ýun­ça ada­ma ýol sal­gy ber­ýär. Hormatly Prezidentimiziň «Älem iç­re at ge­zer», «Döw­let gu­şy» ro­man­la­ry­ny oka­mak ar­ka­ly biz şeý­le dur­muş ýol­la­ry­nyň aý­dyň ugur­la­ry­ny saý­gar­ma­ga müm­kin­çi­lik al­ýa­rys.
Bu ro­man­la­ryň te­ma­tik aý­ra­tyn­lyk­la­ry, ola­ryň çe­per­çi­li­k gym­ma­ty, ma­ny-maz­mun äh­mi­ýe­ti ba­ra­da nä­çe aýt­saň aý­dyp otur­ma­ly, em­ma men bu ýer­de «Älem iç­re at ge­zer» ro­ma­ny­nyň özü­me has ýa­kyn bo­lan ta­rap­la­ry ba­ra­da du­rup geç­mek is­le­ýä­rin.
Bi­l­şi­miz ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ro­ma­ny öz ata­sy – aja­ýyp yn­san, mu­gal­lym we es­ger Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­ne ba­gyş­lap­dyr. Ki­ta­byň esa­sy gah­ry­man­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Berdimuhamet Annaýewiň ka­ka­sy An­na aga­nyň dur­mu­şyň köp ta­rap­la­ryn­dan baş çy­ka­ryp bi­len adam bo­lan­dy­gy­ny aý­dyň du­ýup we göz öňü­ne ge­ti­rip bil­ýä­ris.
Ese­riň baş gah­ry­ma­ny Ber­di­mu­ha­met Annaýew Aş­ga­bat­da­ky mu­gal­lym­çy­lyk oku­wy­ny ta­mam­lan­dan soň, ony Pa­raw oba­syn­da­ky mek­de­be işe ýol­la­ýar­lar. Bu ýer­de ol mek­dep­de ge­çil­ýän sa­pak­lar­dan daş­ga­ry, okuw­dan boş wagt­la­ry ýer­li adam­lar bi­len hem dil ta­py­şyp, ola­ra özü­ni al­dyr­ma­gy ba­şar­ýar. My­sal üçin, bir gün Ber­di­mu­ha­met mu­gal­lym Öwez­gy­lyç aga­dan Han­meň­li aga­nyň te­bip­lik­den hem ha­ba­ry­nyň bar­dy­gy­ny, onuň ot-çöp bi­len be­jer­ýän­di­gi­ni eşi­den­de:
– Bäh, Han­meň­li aga, tüýs ma­ňa ge­rek adam eke­ni­ňiz Siz – di­ýip, mu­gal­lym ýa­şa­ýan jaýy­na ta­rap ýö­nel­di. Az sa­lym­dan eli bir pet­de ka­gyz­ly do­la­nyp gel­di.
– Ýa­şu­lu­lar, der­man­lyk ot-çöp­ler, te­bip­çi­li­giň syr­la­ry bi­len ka­kam An­na aga-da gy­zyk­la­nyp­dyr. Dog­ry, özi te­bip­çi­lig-ä et­män­dir, ýö­ne gö­rüp-eşi­den­le­ri­ni ýa­zyp alyp­dyr. Em sal­gy be­ren ha­lat­la­ram bo­lup­dyr, el­bet­de. Ine, diň­läň, Han­meň­li aga, onuň aý­dan­la­ry­ny:
«Çit­çi­ti­ni ow­ra­dyp, oňa aza­jyk zirk go­şup, az­gyn-iriň­li çi­şe ýap­saň, iri­ňi­ni sor­ýar. Onuň to­hu­my­ny ow­ra­dyp ýa-da ýa­kyp, kü­lü­ni iç­seň, ol aş­ga­zan­da­ky çi­şi aýyr­ma­ga kö­mek ed­ýär. Çit­çi­ti­niň dä­ne­si dem­gys­ma ke­se­li­ni­ňem emi­dir». (110 sah.)
Şun­dan soň­ky se­tir­ler­de hem Berdimuhamet mu­gal­ly­myň der­man­lyk ösüm­lik­ler ba­ra­da­ky okap ber­ýän mag­lu­mat­la­ry­ny ýa­şu­lu­la­ryň uly üns bi­len diň­le­ýän­dik­le­ri­ne şa­ýat bol­ýa­rys:
«Böw­re­gi­ne daş ýyg­na­nan adam ço­pan­tel­pe­giň gü­lü­ni gaý­na­dyp içi­ber­me­li. Ol da­şy ered­ýär». (110 sah.)
«Na­ryň dä­ne­si­ni ba­la ga­ryp iý­seň, diş agy­ra, gu­lak agy­ra peý­da­sy köp.
So­ga­nyň su­wu­ny bur­nu­ňa dam­dyr­saň, kel­läň­dä­ki güw­wül­di­ni aý­rar.
Nar­pyz sa­ry­ge­tir­mä­ni dep et­mek üçin oňat se­riş­de.
Bug­daý çeý­näp ýap­saň, çy­ba­ny ba­sym ýa­rar.
Bit­me­ýän ýa­ra ýa­ba­ny na­ryň gü­lü­ni ýap­saň, ýa­ra­ny ba­sym bi­ti­rer». (111 sah.)
Gür­rüň­çi­li­giň do­wa­myn­da Berdimuhamet mu­gal­lym: «Han­meň­li aga, ge­liň, Si­ziň bil­ýän zat­la­ry­ňy­zam ýa­za­lyň. Bel­ki, Si­ziň bil­ýän em­le­ri­ňi­zem il-gü­nüň der­di­ne em bo­lar» diý­ýär.
«Älem iç­re at ge­zer» ro­ma­nyn­dan ýo­kar­da­ky wa­ka­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly pur­sat­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li ki­ta­by­nyň tarp ýer­den dö­rän eser bol­man­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär.
Ha­wa, şu zat­lar ba­ra­da oý­la­nyp, ata-ene­den gö­ren gö­rüm-gö­rel­de­si­niň, alan tä­lim-ter­bi­ýe­si­niň köp ba­bat­da ça­ga­nyň ömür ýo­lu­na, onuň gel­jek­ki yk­ba­ly­na ýe­tir­ýän tä­si­ri­niň ulu­dy­gy­na tüýs ýü­rek­den ynan­ýar­syň. «Ozal akan ýer­den akar­myş aryk» di­ýil­me­si hem şo­nuň üçin. «Al­ma­nyň mi­we­si öz aga­jyn­dan da­şa gaç­maz» di­ýil­me­si hem şu­nuň bi­len ba­ga­la­ny­şyk­ly. Diý­mek, ga­dy­my­ýet­den ne­sil­le­re mi­ras ga­lan her bir tym­sal­da, her bir pa­ra­sat­ly söz­de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ça­ga ter­bi­ýe­si ba­ra­da­ky ala­da­la­ry jem­le­nip­dir. Her bir il bäh­bit­li iş­le­ri bi­len hal­ky­my­za gö­rüm-gö­rel­de mek­de­bi bol­ýan hormatly Prezidentimiziň asyr­lar­dan göz­baş al­ýan hal­kyň ru­hy mi­ra­sy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­me­gi hem hut şu­nuň üçin bol­sa ge­rek.

Ka­ka­baý NUR­LY­ÝEW,
My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry.